Söýgiň bar gadyry söýülýänlerde,
Heý, barmyka
Söýýänler deý bigadyr.
Ah, bolsadym köçäň jalaý ýigidi,
Belki, bolmanymam oňatlygadyr.
Garşy däl, köpi bil,
köp biljegem bol,
Ýöne köpbilmiş bir diýdirmäweri.
...Ykbalymda ýok ynsany,
Eý, Taňrym,
Indi bir sen maňa söýdürmäweri.
— Gurbansähet Gurbansähedow.