Tayler
03.12.2024 20:29
Ynsan başaryp biljegine ynansa – ähli zady başarar!
1.
— Iň uly töwekgelçilik nämedir?
– Töwekgelçilik etmezlikdir.
2.
— Iň erbet karar näme?
– Karasyzlyk!
3.
— Hyýallaryňyz suwa düşende gamlanmazlyk üçin näme edersiňiz?
– Hyýallaryma başda ýüzmegi öwrederin.
4.
— Üstünligiň ilkinji ädimi näme?
– Ynanmak.
5.
— Bir türgen ýaryşdan öň nähili pikirlener?
– Çempion ýaly.
6.
— Adamyň durmuşynda iň zerur wagty haçan?
– Häzirki ýaşaýan wagty.
7.
— Arzuwlar nähili hakykata geçer?
– Isleg halyna gelmese, asla hakykata geçmez.
8.
— Adamyň iň beýik garşydaşy kimdir?
– Özi.
9.
— Dünýädäki iň zerur adam kimdir?
– Şol wagt aragatnaşykda bolan kişiňiz.
10.
— Bir dünýä çempionyny ýeňmek üçin birinji şert näme?
– Onuň kimdigini unutmak.
11.
— Haýsy gün siziň üçin pursatlar bilen doly başlanýar?
– Her gün.
12.
— Ähli zady başarmak isleýän adam nämäni başarýar?
– Hiç bir zady.
13.
— Bir zady başarmagy köp isleýän adam nämäni başarar?
– Ähli zady.
14.
— Pikirleriňi paýlaşdygyňça möçberi artýan zat näme?
– Aň-bilim.
15.
— Iň köp nämäni bilmeli?
– Näme isleýäniňi.
16.
— Wagtymyzy boş geçirmek näme?
– Zehinimizi biderek meşgul etmekdir.
17.
— Bir zynjyryň çydamlylygy näme bilen ölçener?
– Iň gowşak halkasy bilen.
18.
— Iň gysga ýol haýsy ýol?
– Bilýän ýoluňyz.
19.
— Haýsy dawa ýeňiş gazanýar?
– Hiç bir dawa.
20.
— Iň kör ynsan kim?
– Görmek islemeýän.
21.
— Haçan bir adam aýaga galar?
– Ýykylandygyna göz ýetirenden soň.
22.
— Adamlar haçan ýeňildi diýip hasap edilýär?
– Haçan-da ýeňilenini kabul edende.
23.
— Sözleriňizden-de has zerur bolan zat näme?
– Sözleýiş şekiliňiz.

Unutmaň!

Gäminiň ugruny kapitan kesgitleýär. Durmuşyň ugruny düşünjeleriňiz, düşünjeleriňiziň ugruny bolsa, diňe siz kesgitleýärsiňiz!



#halanlarym
9
91
kalayev
4 Dekabr 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
stella_🖤
4 Dekabr 2024
Manyly 👍👍👍
alma___
4 Dekabr 2024
Haladym 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.