Alymlar operasiýa bolmazdan görüşi dikeltmegiň usulyny tapdylarHytaýly we Amerikaly alymlaryň eden açyşy, katarakta garşy göreşde hakyky öwrülişik geçirip biler. Indi dünýäde her ýyl millionlarça adam ony aýyrmak üçin operasiýa geçirmäge mejbur bolýar. «Journal of Clinical Investigation» žurnalynda çap edilen täze ylmy barlaglaryň netijeleri, operasiýa bolmazdan mümkin bolup biljekdigine güwä geçýär.
Alymlar, gyşlamak üçin 9 aýa çenli wagt geçirýän ýer alakalarynyň görnüşleriniň birinde adaty bolmadyk bir täsiri tapdylar. Gözleriniň linzalary, kataraktly adamlar ýaly öçügsi bolýar, ýagny dury bolmaýar. Emma haýwanlar oýanandan soň durulyk gaýtadan dikelýär.
Bularyň asyl sebäbi RNF114 belogyndadygy ýüze çykaryldy. Bu belok ýer alakasynyň bedeniniň gyzgynlygy ýokarlananda işjeňleşýär. Belok linzanyň garran öýjüklerini ýok edýär, kataraktany netijeli ýeňýär. Bu täsir gemriji öýjükler bilen geçirilen synaglarda tassyklandy. Bu açyş, operasiýanyň ornuny tutup biljek täze katarakt bejeriş usullaryny ösdürmek üçin esas bolup biler.