PILOT👮‍♂️✈🛩
16.11.2024 18:07
Ýaşarsyñ kâ ýeñip kâte ýeñilip,
Ömür bar ýerinde hökman göreş bar.
Bir zady duý basan çagy ýekelik
Ejeñ elmydama saña garaşyar.

Ejesiz öýlerde mâhir kemeler.
bir ýylgyryşy bilen ömri söýdirer.
Belkide duydyrmaz belki duydyrar.
Ejeñ elmydama saña garaşyar.

Kâbâñ barmy sende dünýâñ genji bar
Hoş söze keýp edip göwnüñ eljirâr.
nurly gözin dikip gapa, penjirâ.
Ejeñ elmydama saña garaşýar.

Görmage gel unudyp ara daşlygyn.
"EJEM" diyseñ rugsat berer başlygyñ
körpemiñ juwanmyñ ýa çal saçlymyñ.
Ejeñ elmydama saña garaşyar.

Alyp bolmaz onuñ dogasyn tölap.
Gürleş kalbyñ sözün, diliñde elâp.
Bişiren duzyna " Bismilla"dilâp
Ejeñ elmydama saña garaşýar.

Belki ikilikdir, ilden bahalañ.
ýazgarýarka, bütin âlem jahanam.
Senden hemme kişiñ ýadan mahalam.
Öýe gyssan dossum, Ejeñ garaşýar.

awtor:K. Hallyýew.
10
91
awadan
16 Noýabr 2024
@PILOT👮‍♂️✈🛩, Şu basylyan likeleri menden basga basyan yok
PILOT👮‍♂️✈🛩
16 Noýabr 2024
@awadan, 🙄gülmañ yerne like basayda😐
awadan
16 Noýabr 2024
@PILOT👮‍♂️✈🛩, 😁😂
PILOT👮‍♂️✈🛩
16 Noýabr 2024
@alma___, dogry aydyan keliñ saçy yaly 3 4 sany adam galdy cat yapylandan soñ
alma___
16 Noýabr 2024
@PILOT👮‍♂️✈🛩, öz özüne baha beräýmeseñ goldara adam hem galmandyr öýdýän
alma___
16 Noýabr 2024
👍👍gowy goşgy
PILOT👮‍♂️✈🛩
16 Noýabr 2024
😌💗👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.