enes_∞
16.11.2024 12:34

GALASYM GELÝÄR

Käbir düýşler, ömürleriň bölegi, Düýşlerimde baky galasym gelýär. Gaýtaryp bolsady geçen günleri,
Zemin içre söýgä dolasym gelýär...

...Garry atam gowaçaly pelleriň, Gyrasynda guwanyp dur seredip. Gumaksy ýollarda yzyndan galman, Kebelek kowalaýan heziller edip.

Ak derekler gollaryny bulaýar,
Kömelek çöplemäge çagyrýan ýaly.
Ýylgynlar otyrlar bir geňsi bakyp,
Syrly bakyşlary manydan doly.

Salkym-salkym üzümleri sallanyp, Bagymyzyň erik, alma, nary bar. Howlymyzda jemlenipdir bar güller, Yodalarda çagalygmyň yzy bar.

Süýt bişirip, käselere süýt guýup, Gelnejemiň çagyryşy mähirli.
Bal ýaly çörege sary ýag çalyp,
Goşup berýän ýaly barça mährini.

Enem janyň çep dyzyna ýassanyp,
Gyzyl gülli çäýnegimden çaý guýýan.
Küýsän didaryma sataşmak üçin, Ýüregim howlugýar, men ony duýýan,

Az salym, uklaýyn asla oýarmaň. Çagalygym ömür baky bolsady...
Eziz kyblam mähir bilen ýylgyryp,
Meni ýene gujagyna alsady.

Oguljennet Nazarowa
13
97
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.