Ýyl geçdikçe garrap barýar bu dünýä,
Garraýar deňizler, ummandyr daglar.
Ýyllar sepgidine ýyllary baglap,
Olar gojalyga gadam basýarlar.
Bulutlar zemine çagbasyn guýup,
Açanynda onuň gamly perdesin,
Zemin mähir bilen dillenermişin,
Belentden-belende ýetirip sesin.
Asman bilen zemin söýgüsi ýaly
Söýüp ýaşamaly uly Dünýede.
Gojalyga gadam basan bu Dünýä,
Şol söýgüden ýaşararmyş ýene-de.
Bir-birege arkalaşyň, direniň,
Bir biregi söýüň,ýürekden söýüň!!!!