enes_∞
10.11.2024 12:33
Çagany gulp astynda saklamak

Çaga terbiýesinde ata-eneleriň esasy wezipeleriniň biri olara gözegçilik etmekdir, göz-gulak bolmakdyr. Muňa olaryň hersi birhili düşünýär. Käbiri çagalaryny çakdan aşa gowy görüp, jaýdan, howludan daş çykarman, gorap, aýap saklasaň gowy bolýar diýip pikir edýär. Çagalarynyň her bir hereketini yzarlap, gözden salmazlyga çalyşýarlar. Netijede olaryň erkini, örüsini çäklendirýärler. Beýle garaýyş ýalňyşdyr.

Çagany durmuşdan üzňe, dar galypda saklamak, ony köp zatdan mahrum edýär. Körpäniň duýgy-düşünjesini, gözýetimini çäklendirýär, aňyna ýaramaz täsir edýär, ösüşini bökdeýär, özüne bolan ynamyny gaçyrýar. Has dogrusy, çaga özüni göwnüne deglen, kemsidilen hasaplaýar.

Şeýle çaga öýde-de, mekdepde-de köpçülige goşulmaýar. Ulalanda çekinjeň, döwrüň köp meselelerini dogry çözmegi başarmaýan ukypsyz bolup ýetişýär.

Çaganyň ulaldygyça bilesigelijiligi artýar, durmuşy synlamak, görmek höwesi güýçlenýär. Ýetginjek döwründe çagany dar galypda saklamak ata-ene üçin zyýandan başga zat däldir. Çaga gözegçilikden sypmak üçin her hili pyrryldaklara ýüz urýar, ýalan sözleýär. Netijede çaganyň ýalançy, mekir bolup ýetişýän gezeklerem gabat gelýär.

Sapar okuwdan soň öz deň-duş oglanlary bilen goňşy obada bolýan göreşli toýy görmäge gitdi. Ol ejesiniň gijä galyp barsa hasabat sorap, käýejekdigini bilse-de, göreş görmekden ýüz dönderip bilmedi, sebäbi göreş tutmak Saparyň iň gowy görýän oýny. Ol giçlik öýüne gelende ejesine:

— Mugallymymyz sapakdan soň alyp galdy — diýip, çyna berimsiz ýalan sözledi.

Çaga töwerekdäki täzeligi, täsinligi ululardan öň duýmagy, görmegi başarýar. Her bir üýtgeşikligi göresi, bilesi, öwrenesi gelýär. Şonuň üçin olara durmuşy öz gözleri bilen synlamaga, lezzet almaga, deň-duşlary bilen oýnamaga, gezim etmäge mümkinçilik döretmeli. Çagany özüň bilen şäheriň, obanyň gözel ýerlerine, tebigata, zähmet çekilýän ýerlere gezelenje äkidip, gören-eşiden zatlaryny düşündirip, tanyşdyrsaň has-da peýdaly. Çagalara durmuşy görkezeliň!

Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.
5
86
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.