enes_∞
08.11.2024 23:19

Göz reňki şahsyýetiňi açyp görkezýärmi?
Göz reňkiňiz sizi elmydama özboluşly edýär. Eýsem, göz reňkiňiz şahsyýetiňiz hakynda näme diýýärkä?

Aslynda, gynanjymyzy, gaharymyzy, şatlygymyzy we beýleki duýgularymyzy gözümiz bilen görkezýäris. Ýöne gözlerimiz bize şahsyýetimiz hakynda hem bir zatlar aýdýan bolsa gerek. Şwesiýa uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren gözlegleriniň netijesi göz reňkine jogap berýän geniň beýniniň frontal loblaryny emele getirýän genidigini görkezdi. Edinburg uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň doktory Entoni Fallone: «Göz neýrologiki taýdan beýni bilen şeýle bir baglanyşykly welin, beýnimiziň daşardan görüp bilýän ýeke-täk bölegi bolup biler» diýip kesgitleme berýär.

Goňur gözler

Goňur gözli adamlar, aslynda, doglanda lider bolup dogulýarlar. Muny özleri görmän bilerler, ýöne dünýäniň beýleki adamlary olara şeýle göz bilen garaýarlar. Bu reňkdäki gözli adamlaryň beýlekilere garanyňda özüne bolan ynamy has güýçli bolýar.

Gök gözler

Gök gözli adamlar, köplenç, mylaýym we akylly görünýärler. Emma köpleriň ünsden düşürýän zady gök gözli adamlaryň içki güýjüdir. Geçirilen gözleglere görä, gök gözli aýallaryň zähmet agyrysyna beýlekilerden has gowy çydaýandygyny anyklanylypdyr.

Çal gözler

Çal gözler gök gözleriň bir görnüşidir. Gözleri çal reňkli adamlar okamagy känbir halamaýarlar. Olar örän ynjyk we sowuk ganly şahsyýetdir. Açyk çal gözli adamlar, köplenç, özlerini ähli zatdan daş duýýarlar. Ýöne olar bilen tanşanyňyzdan soň iň wepaly dostlaryňyzyň birine öwrülip bilerler.

Ýaşyl gözler
Ýaşyl göz reňkleriniň arasynda iň seýrek duş gelýänleriniň biridir. Bu reňkdäki gözli adamlar, köplenç, döredijilik bilen has içgin gyzyklanýarlar.

Siziň gözüňiz haýsy reňkde?!
9
202
enes_∞
10 Noýabr 2024
@Tayler, Gara renk yok eken meñem gözüm gara, ýa goňur garamyka
Tayler
10 Noýabr 2024
Hany gara reňkli göz?
smiling_
9 Noýabr 2024
@PILOT👮‍♂️✈🛩, goñur
PILOT👮‍♂️✈🛩
9 Noýabr 2024
@smiling_, sn gozun haysy renkde
smiling_
9 Noýabr 2024
@enes_∞, gezip gelipsiñdä 😁 hudaýa şükür ýaşap ýörün
enes_∞
9 Noýabr 2024
@smiling_, Gowumy ozun
enes_∞
9 Noýabr 2024
@beghanym, Salam gowumy yagdaylarnyz
enes_∞
9 Noýabr 2024
@smiling_, Bar menem mara gitdim asgabada boldum duyn geldim lebaba bir ay bari
beghanym
9 Noýabr 2024
Salam hemmäňize
smiling_
9 Noýabr 2024
@enes_∞, Salam gowy baryn 🙄 sen nähili
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.