Yer ýüzünde iň uly buzasty köl Antarktidadaky Wostok köli bolup, ol 1944-nji ýylda açyldy. Meýdany 14 000 km².
Dünýäde deltasynyň meýdany boýunça Gang derýasy birinji orunda durýar. Derýanyň deltasynyň meýdany 80 müň km².
Dünýäde iň uly wulkaniki krater Indoneziýanyň Sumatra adasyndaky Toba wulkanynyň krateridir. Onuň meýdany 1775 kw.km barabar.
Dünýäde hereket edýän iň beýik wulkan Çili bilen Argentina döwletleriniň araçägindäki Ohos-del- Salado wulkanydyr. Onuň beýikligi 6887 metr.
Iň owadan plýaž Pink Sands Beach Bagam adalarynda ýerleşýär Iň uzyn plýaž- Coxs Bazar Çittagonga şäheriniň (Bangladeşde) golaýynda ýerleşýär, uzynlygy 120 kilometr.
Dünýäde iň kiçi deňiz Mermer deňzi bolup, uzynlygy 280 kilometr, ini 80 kilometr, umumy meýdany 11472 km², iň çuň ýeri 355 metr.
Dünýä ummanynda we Yer şarynda iň çuň çöketlik Marian çöketligi çuňlugy 10971 metr (35994 fut), ozalky maglumatlarda 11022 metr.
San-Marinonyň konstitutsiýasy iň gadymy ýazylan konstitutsiýa hasaplanýar. Ol biziň eramyzyň 301-nji ýylda ýazylyp, 1600-nji kabul edilipdir.
Dünýäde ýeke-täk kenarsyz deňiz Atlantik okeandaky Sargassowo deňzidir. Onuň sebäbi hem günbatarda Golfstrim akymy, demirgazykda Demirgazyk Atlantika akymy, gündogarda Kanar akymy, günortada Demirgazyk ekwatorial akymlaryň aýlawynda ýerleşen.
Namibiýanyň paýtagty Windhukdan 450 kilometr demirgazygyna dünýäde uly meteoritleriň biri bolan Hoba düşdi. Onuň agramy 50 tonna barabar.
Iň uzyn demir yol liniýasy Transibir magistraly bolup (Moskwa - Wladiwostok), onuň uzynlygy 9288,2 kilometr, 87 şäheriň üstünden geçýär.
Dünýäde gurşun çykarmakda Awstraliýa döwleti birinji orunda dur. Ýylda 683 müň tonna barbar gurşun çykarylýar.
Goralýan tebigy meýdanlaryň sany boýunça Ýewropa sebiti birinji orundadyr. Goralýan tebigy meýdanlaryň sany 380 töweregidir.
Goralýan tebigy ýerleriň gury ýerdäki paýy boýunça Demirgazyk Amerika sebiti birinji orundadyr. Goralýan tebigy ýerleriniň meýdany gury ýeriň umumy meýdanynyň 1,6%-ne barabardyr.