Leýşmanioz: döreýiş sebäpleri, alamatlary, öňüni alyşBu keseli mugthor bir öýjükli ýönekeýjeleriň wekili leýşmaniýalar döredýär. Leýşmaniýalaryň birnäçe görnüşleri bar, ýagny Leishmania tropiсa (ilikinji gezek 1897 ý. rus lukmany, alym P.F.Borowskiý tarapyndan açyldy), adamda antroponoz deri leýşmaniozyny döredýär; Leishmania major – zoonoz deri leýşmanozyny dörediji; Leishmania braziliensis – amerikan leýşmaniozyny dörediji; Leishmania donovani – wiseral leişmaniozy (içki organlaryň) dörediji bolup, ilkinji gezek Leýşman we Donowan (1900-1903) keselli adamlaryň dalagynda tapanlygy üçin alymyň hatyrasyna ady dakylýar.
Leýşmanioz transmisiw geçirijilere degişli bolup, gan sorujy mör-möjekler, aýakçylar – moksitler geçirýärler. Moksitler keselli adamlaryň ýa-da haýwanlaryň gany bilen iýmitlenýän döwründe ýokuşdyrýarlar. Ýuwdulan guýrukjagazsyz mugthor bir gije-gündiziň dowamynda hereketli guýrukjagazly döwrüne geçýär we köpelýär. Geçiriji aýakçy sagdyn adamy we haýwany çakmagy bilen, hereketli leýşmaniýalar bokurdagyndan ýara düşýär we leýşmaniýanyň görnüşine baglylykda deri öýjüklerinde güýçli hereketlenýär.
Leýşmaniozda keseli göterijiler dürli görnüşe degişli bolan janly organizmler: wisseral leýşmaniozda – keselli adamlar; deri leýşmaniozynda – şagallar, tilkiler, itler we ýyrtyjy haýwanlar bolýar.
Wisseral leişmaniozly itlerde ýürek bulanma, kellesinde we deri örtüklerinde ýaralar emele gelýär, deri örtüklerinde gijelewük ýüze çykýar.
Wisseral leýşmanioz bilen köplenç çagalar keselleýär, bedeniniň gyzgyny galýar, anemiýa ýüze çykýar, işdäsi kesilýär, dalak we bagry ulalýar. Kesel birnäçe aýa çenli dowam edýär.
Deri leýşmaniozynda aýakçynyň çakan ýerinde solak-gyzyl reňkli pakgaryp duran ýarajyklar emele gelýär. Ýara ulalýar we 3-6 hepdäniň dowamynda antroponoz görnüşde, 1-3 hepdeden zoonoz bolýar. Bu hadysa birnäçe aý dowam edýär. Antroponoz görnüşinde 1 ýyla çenli dowam edýär, keselden gutulandan soň hem ýaranyň yzy galýar. Kesellän adamda kesele garşy immunitet döreýär.
Kesel nähili anyklanylýar?
Wisseral leýşmaniozda mikroskopiki barlag geçirilýär. Barlag üçin oňurga ýiliginiň suwuklygy barlanylýar we leýşmaniýalar ýüze çykarylýar. Deri leýşmaniozynda ýaradan gyryp alynýar we Romanowskiniň ergininde çyrşyntgy reňklenilýär.
Öňüni alyş çäreleri. Wisseral leýşmaniozda ýabany itleri weterinar lukman barlagdan geçirmeli. Deri leýşmaniozynda ýabany gemrijileri ýok etmeli. Ýaz aýlarynda aýnalara we gapylara maýda deşijekli setkalary tutmaly we aýakçylaryň çakmagyndan goranmaly. Şeýle-de otaglary ýelejiretmek masalahat berilýär.
Turkmengazet