alma___
24.10.2024 16:37
2 bölüm
Giň maňlaýly, garçgaý gaşly, tegelek ala gözli, goç burunly, galyň dodakly, egme eñekli gara baş hem gelip, gelip şu gün agyrdy.
«Agyrýan agzaň kellä-de, ýüregede til kakmasy, häk, jyk, bolmaýan zat-da. Hemmäni örüzibermän, Özi
- beterläp, özi köşeşip, oňşubermel-ä,
. böwrek diýeniň. Häk».
Pälwan golaýjygynda yatan kempiriniň egniniň üstüne ýorganyny çekdi. «lň uly lukmanyň Alladygyna
şübhäm ýok. Ýöne şunuň hem tebipçiligine sözüm ýok. Janym şunda ýaly meniň-ä. «Men, ynha, keselledim,nähoş men-how» diýip, orta çykaýmasaň, oglanlaryň-a biljek-duýjak zatlary ýok. Maşynlysyna tigir gerek, degirmenlisine digir. Gyz neresseler-ä,
eneleri bolansoň, arkaýyn olar. Aý,Pälwan, Pälwan, ýene gaýrat etmeli
ýeriň geldi öýdýän?!»,
Gyzylgül eje derlemekden ýaňa, köýnegi öl-myžžyk bolan ýanýoldaşyny görüp:
Hi-i, sennä, ýene ýatmadyňimy?
Wah-wah-eý, hany, çykaraly egniňdäkini. Oglanlaňňy turuzaýynmy?! - diýip sorady.
Oýatma olary, iki bolup, bir zat ederis.
Gyzylgül eje birden ykjamlanyp,
- gujagyny giňden açyp, oturan ýerinden öňe ymtyldy.
- Hany, gel.
«Gadymkylarymyz şuň ýaly bolanynda, dertlileri ullakan sallançakda üwrär ekenler. Bi ejem pahyrdan eşİden gepim. Şu wagt sallançak gurap ýörsem, ilki özümkiler güler. Ýogsama, Pälwany üwräp oturjag-a»,
Gyzylgül eje birden hiňlendi:

Dagda taýlar kişňeýär,
At boldum diýip, ýar-ýar.
Öýde gelin eňreýär,
Ýat boldum diýip, ýar-ýar.

Pälwan usuljak bilen pysyrda-dy-da: Aýt, aýt, ho-o, aýdýanyňy ayt. Agyrym azalyp, kemap barýa,
ayt.
Gyzylgùl eje ýene aytdy:

Emiñ-ýomuň şu bolsun,
Derdin-gamyň dagylsyn.
Derdin daglara gitsin,
Daglara gitsin, küf-çü-f..

Ýüzin düşüp ýatan Pälwan aga ýaraly esger kimin ýuwaşja yňrandy. Hamana, duşman peýkamynyň ujy döwlüp galypdyr-da, ol indi onuň böwregine
dürtülip, çydap bolmajak yza beryär.
«Ah, ah»,
Pålwan aga ikiyana urundy.
Gyzylgül eje onun billerini, ýagyrnysyny, arkasyny sypalady.
«Janym, arkadagym, hany sen maña kömek ber! Hany, şeyt, şeyt.
Gowşaş, ine, şeýt. Hà şeýt», Gyzylgül eje adamsyny ynjaltmaga, şu
apatdan dyndarmaga goluny çyzgap girişdi.
«Meni eliniň aýasynda saklan, ýekeje gezegem göwnüme degmedik
Şü günàsiz bendäňi, maña goý, Alla! «Sen gorkarsyň» diyip, ömründe başga yerde bir agşamam yatmadyk, Şü
höwrümi, iki dünýä ýoldaşymy, ýene,maña goý, Alla».
Gyzylgül ejäniň başdaňysynyň bireýýäm başyndan düşenini-de
duýman, Pälwan aganyň arkalaryny sypalap, ýuwaşja owkalap, şo-ol dik oturysy.
Suw-sil bolan Pälwan aganyň birden ak der saçyp, ýüzi ap-ak bolup başlady. Ol aýakýoluna çykmakçy boldy.
- Ýok, şü halyňa daşaryň şemalyna iberip bilmen. Galyň geýinmeseň
bolmaz - diyip, ona possunyny geýindirdi.
Bütin gijesini urnup geçiren gojanyň ysgyn-mydary kemdi. Gyzylgül
eje oña kömekleşdi.
Pälwan aga ayakyolundan gelende, dünýäsi ginäpdi. Ol: «Böwrekdäki ownuk daşjagaz çykaýdy
öýdýän. Indi dünýäm giňäp gitdi» diýip ýylymsyrap, Gyzylgül ejä seredip aýtdy.
Gyzylgül eje mährem ýanýoldaşynyń dert daşyndan dynanyna be-
genip, Ýaradany alkyşlasa, Pälwan aga bary-ýogy dynnym ýaly daşjagazyň özüni şeýle ýagdaýa salyp bilşine hiç akyl ýetirip bilmän, gözüne ýaş getirdi. Ýanýoldaşynyň kiçijik
ellerini, kümüş ýüzükli barmaklaryny måhir bilen Sypanynda, gözlerine
sürteninde, ol hem saklanyp bilmedi.
.. Ine, goja bilen onuň kempiri saher bilen Hudaýa ýüz müňlerçe alkys
aýdyp, goşa gumry ýalyjak bolup, gök çaý içip, bileje hümürdeşip töweregi ..bäri gel .. etmek pikirinden hoşal bolyp otyrlar.

Jumadyrdy Garagulow
7
96
gurbanspr
28 Oktýabr 2024
Grand romantika👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.