24-nji oktýabr ― BMG-niň güni
1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen senesi bolup, bu sene her ýyl guramanyň agzasy bolan ýurtlarda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu halkara baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem bellenilip geçilýär. Bu gurama dünýäde parahatçylygy, erkinligi, azatlygy, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny ösdürmek maksady bilen döredilýär.
Ilkinji gezek BMG-ni döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözülýär. Bu gurama 1945-nji ýylyň 25-nji aprelinde San-Fransiskoda geçirilen konferensiýada döredilýär. Şol ýylyň 26-njy iýunynda 50 ýurduň wekilleri BMG-niň Düzgünnamasyny biragyzdan kabul edýärler. Düzgünnama baýramçylyk senenamasyna öwrülen 24-nji oktýabrda güýje girýär. BMG-niň ştab-kwartirasy Nýu-Ýorkda, Ýewropadaky merkezi bolsa Ženewa şäherinde ýerleşýär. Bu gurama döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk esasynda iş alyp barýar. BMG-niň düzüminde birnäçe guramalary bardyr. Olara medeniýet we magaryf işleri boýunça gurama –ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we başgalar degişlidir.
Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasyna dünýäniň garaşsyz döwletleriniň 193-si kabul edildi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda türkmen halkymyzyň taryhynda möhüm waka bolup geçdi. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde özüniň 82-nji mejlisinde ählumumy dostluk we hoşniýetlilik ýagdaýynda, ses berişligi geçirmezden, Türkmenistany BMG-niň agzalygyna kabul edýär.
Mälim bolşy ýaly, 10-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasy açyldy. Ol halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çeken möhüm wakalaryň biri boldy. Oňa gatnaşmak üçin 26-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrdy. 27-nji sentýabrda bolsa ýurdumyz sessiýada ählumumy howpsuzlyk meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edip, netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjek başlangyçlary öňe sürdi.
BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu strategiýa dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda amala aşyrylýar.