Werbal hem-de werbal däl aragatnaşyklar näme üçin gerek?
Gepleşmek, aragatnaşyk saklamak – bu adamlaryň durmuşynda esasy zatlaryň biri. Özüňi diňledip bilmek, pikirleriňi, düşünjeleriňi aýdyň beýan edip bilmek üçin her bir adam aragatnaşyk saklamaly bolýar. Iki we ondan köp adamyň arasyndaky sözleýiş, gepleşikler dürli-dürli derejelerde görkezilýär. Dünýäde olaryň has giň ýaýran 2 görnüşi bardyr.
Werbal aragatnaşyk – ýagny adamlaryň biri-birleri bilen sözler, gepleýiş arkaly maglumatlary alyşmagydyr. Adamlaryň öz ýaşaýşyny dowam etmegi üçin gepleşmek, gatnaşmak iň zerur hereketleriň biridir. Dil aragatnaşygynda adamlar öndürýän maglumatlaryny biri-birine geçirmek arkaly manysyna düşünilmegini gazanýarlar. Gepleşik arkaly berilýän maglumatyň 40% sözdäki sesiň belent-pesligi bilen galan 60% bolsa garşyňda çykyş edýäniň hereketleri, daş keşpleri bilen eşidilýär.
Werbal däl aragatnaşyk – werbal aragatnaşyk ýaly möhümdir. Aragatnaşygyň bu görnüşi başgalara maglumat bermek üçin beden dilini, yşaratlary we ýüz keşpleri ulanmakdyr. Mysal üçin: gowy görýän zadyňyzyň ýa-da gülkünç zatlaryň gürrüňi edilende ýylgyrmak… Başgalaryň pikirlerine we düşünjelerine, duýgularyna düşünmeklik üçin geplemek, dil aragatnaşygy (werbal aragatnaşyk) hökman däldir.
Adamlar diňe bir adamlar bilen däl-de daş töweregimizdäki ähli gurşaw bilen aragarnaşyk saklaýarlar. Daş töweregiňize hemişe ünsli we hüşgär boluň. Hiç hili adamlaryň ýok ýerinde aljyraňly ýa-da aladaly bolsaňyz beden dilini ulanmak arkaly özüňizi rahat duýup bilersiňiz. Adamlara öýkünmeklik olary özüňizi gollanma hökmünde ulanmaklyk siziň aragatnaşyk tejribäňizi ýokarlandyryp biler.
Gepleýşiňizi, sözleýiş täriňizi gowulandyryň. Ony nädip netijeli ulanmalydygyny öwrenseňiz siz barada adamlarda gowy pikir dörär. Aragatnaşykda egin-eşikler ýa-da geýinmek sungaty hem esasy roly oýnaýar. Egin-eşik adamlaryň kärlerini, girdeji ýagdaýyny, jemgyýetdäki ornuny, syýasy düşünjelerini açyp görkezýär. Adamlaryň keýpi gowy bolmasa daş görnüşine kän bir ähmiýet bermeýärler. Durmuşyň şatlygy artykmaç bolanda ajaýyp reňkler we eşiklerden peýdalanylýar.