alma___
23.10.2024 13:21
GARRY GADYRDAN

(hekaýa) 1 bölüm

Altmyş alty ýazy-gyşy gören, şonça ýyllaryň bir gününde-de «başym,
aýagym» diýmedik Pälwanyň birden:
«Böwregim, haý, öz-ä, böwregim» diýibermegi Gyzylgül ejäniň mazasyny
gaçyrdy.
Gyzylgül ejäniň öz-ä öz ýanyndan:
«Pälwan bazardan gelýärkä gözükdi»
diýdi oturdy. «Şü, sary sygry idip gelýärkä gözügen, çalygan bolmaly bi.
Keseden: «Bi adam ýetmişi sermekläp
ýörse-de, heniz dim-dikaýt» diýenler,
çakyr gözüni içinden geçirenler bolmaly» diýyip pikir etdi.
Pälwan aga içerde wagty: «Tüweleme, göz degmesin, kiçiräk tam
ýal-a, bi janawar» diyip, Gyzylgül eje
uly gelni, gyzy bilen üýşüşip, sygryň
boýnuna köne köwüş dakdylar. «Aňry-
bâri üýşüp, ýygnanyp, boýnuna agyr
bolup ýörmesin, ýene» diyip, köwşüň tumşugyndanam biraz jotdardyp kesdiler.
Gelşiksiz bolsa gowy-da, Ýazmät kösäň gözi degmez gaýta – diyip, uly gyzy köne köwşi duran ýerinden çekip gördi.
«Pälwan keselledi-dä, ýöne...». Gyzylgül eje çile çykyp, täze satyn
alnan sygra baha berşip, wagyrdaşyp oturanlara nazar aýlady. «Bylar
bilesem ýok-la, atalarynyň bir kemis tapanyny. Goý, entek garaşaly. Dogtor
- diýdigiň, ýürekleri ýarylar bylaryň. Hudaýa şükür, hekime işimiz düşmän-ä
gelýärdi, öz-ä. Alla, özüň bir garaşyk et! Pälwanym azyndan ýüz dagy ýaşasyn, Alla!»
Gyzylgül eje otuň arasynda görünýän
bir penje saryçyrmaşygy eglip gopardyda
«Şeytanyň içegesimiş bi» diýdi.⁹Şuny takyr ýerde goýyp guradan
yalkanjakmyş-a.
Usul bilen ony eline alan Gyzylgül eje mytdyldap, öýene ugrady.
Arkan düşüp ýatan Pälwana: «Onda oglanlara aýdaýaly» diýjek boldy.
Saklandy. Edil şuny-da aňşyran ýaly
goja bärligine öwrülip, tirsegine daýandy.
-Gyzylgül, agşam bir ýüzärlik dagy tütedip berjek dälmi maña?!
Gyzylgül eje guş bolup gojasynyň
ýanyna gondy. Elini onuň maňlaýyna
goýdy. «Birazajyk gyzgyn eken-å».
Azajyk sypalady, barmaklary bilen basyşdyrdy. Birden diňşirgendi. özüniňkilerden ýa-da özgelerden biriniň
şeşdip otyrka, içeri giräýmeginden
çekindi.
Näme, ýene bildirjek bolýamy?
Gizländen bolup oturysymyza bir zadyñ üstünden baraýmaly, ýene.
-Aý-how, sen-nädäýdiñ- Pälwan aga
onuň egnine ýapyşan çöpjagazy aýryp
-Bir böwrek bilenem ýene şu
gecen yzym ýaly ýol geçerin, men.
Ýöne bi beýlekä-de gep beräýmese diyyän.
-Näbileýin, käwagt-käwagt gaşlaryň çytylyp, çytylyp gidýär. Dodagyñy dişläbem, göm-gök edipsiň. Böwrekde bir ýaman zat barmyka, ýa?!
– Gyzylgül, seniň o «ýaman zat» diýeniňi bi böwrekden özüňden başga
aýryp bilen bolmaz.
Garrylar bir pursat gülüşdiler.
Agşam düşüp, özlerinden özgeleriñ telewizoryň öňüne kökerilen wagty,
Gyzylgül eje adamsyny emledi: ýüzärlik tütedip berdi, otdan ätletdi.
Ýöne gije ýarymdan agansoň, gojanyň ýatyp ugry bolmady. Şu wagta
çenli galyň garlarda-da, gaýlarda-da,
tupanlarda-da gaýlamadyk baldyr,
gelip, gelip, şu gün syzlady.

dowamy bar.
13
85
Deyzi_
23 Oktýabr 2024
@alma___, Dogry 👏✊
alma___
23 Oktýabr 2024
Iñ gowy tebip bu mähirdir.Iñ gowy bejeriş bu şirin sözdir .
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.