okyyjy
22.10.2024 18:47
Taşkent şäherinde okaýan Türkmen talyby Merjeniň haýyşy esasynda

Taşkentde okaýan türkmen gözeli
Ak ýüzüň gijäniň aýymy Merjen.
Aşyklar şanyňa ýazar gazaly
Teniň kyrk çilläniň garymy Merjen.

Ýylgyrşyň ýagty dünýäň ýazymy,
Owazyň älemiň aýdym-sazymy,
Gyzlar seni görse gizlär özüni
Ýogsa, sen, gyzlaryň şasymy Merjen.

Uz boýuň serwimi, derekmidir ýa,
Saçlaryň sünbülmi, ýüpekmidir ýa,
Gözleriň ömrüme gereklidir ýar,
Şeýdamydyr şirin dilleriň Merjen.

Mähriň çogy Awgust yssysyndanmy,
Gujagyň gülleriň dessesindenmi,
Bu şygyr ýüregmiň gussasyndanmy,
Ejizräk göründi waspyňdan Merjen.


Amangeldiýew Durdymyrat
16
211
okyyjy
24 Oktýabr 2024
@mabd, @stella_🖤, minnetdar goldaw üçin🙂
mabd
24 Oktýabr 2024
👍👍👍👍❤️
mabd
24 Oktýabr 2024
@okyyjy, gowy gosgyken malades
stella_🖤
24 Oktýabr 2024
👍👍👍
okyyjy
23 Oktýabr 2024
Öwrenmälä myhman bolup gelýän eken. Goşgylamy wagt sarp edip okaýanlygy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýän.
okyyjy
23 Oktýabr 2024
@smiling_, menem tanamok Merjeni, Gmailden ýazyp haýyş etdi, Pyragyň "Näme sen" goşgysyny gowy görýän, şoňa kybapdaşrak bolsun diýip. Menem: "Ol bir giden çöl bolsa, men şoň çägesiniň ýekeje dänesi hem däl" diýdim. Onda-da ugradamda "damagym dolyp agladym begenjimden" diýip ýazypdyr.
geldiyevna
23 Oktýabr 2024
@smiling_, ýetişipsiň🤣
smiling_
23 Oktýabr 2024
@geldiyevna, Düzmezler ýenge bize şahyr oglan duşasy ýokla 😂 .... kiçileý men
smiling_
23 Oktýabr 2024
@geldiyevna, 16 ýaş nähili bolýar 🤔 😂
geldiyevna
23 Oktýabr 2024
@smiling_, sen hemişe "ýaşym ýetenok" diýip ýöreniňden soň kiçimi-kä öýdýändirler, ullakanja bolanyňy bilseler, goşgy düzjek köpdür-le sana🤩
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.