okyyjy
22.10.2024 08:42
Garajaoglanyň (1606-1679) asly türkmen, doglan ýeri häzirki Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäkleri diýip çak edilýär. Ömrüniň köp bölegini Türkiýede, Toros daglaryna göçüp baran türkmenleriň arasynda geçiripdir. Ol Türkiýäniň köp şäherlerinde obalarynda bolýar. Şahyrçylyga Türkiýede başlapdyr. Garajaoglan köp ýurtlary gezip, halklaryň durmuşyny ýakyndan öwrenen şahyr.
Ol Kawaz, Balkan ýurtlaryny, Azerbaýjany, Siriýany, Müsüri, Rumystany, tutşuş Anadolyny aýlanypdyr. Ol ýurtlarda gören ýerlerini goşgylaryna geçiripdir. Şahyryň çyn ady Hasan Gara Ylýas ogly bolupdyr. Garajaoglanyň durmuşy barada ýazgylar biziň günlerimize gelip ýetmändir.





Görsün-de gitsin

Menden salam aýdyň gül ýüzli ýara,
Bar salym garşymda dursyn-da gitsin,
Azmy, köpmi synamdaky ýaralar,
Gelsin, gözi bilen görsün-de gitsin.

Baryp söhbet eýlemedim gyz bilen,
Aldy meni ýalkym atyp, näz bilen,
Melhem eýlesin-de şirin söz bilen,
El bilen ýaramy syrsyn-da gitsin.

Garajaoglan diýer, bardyr Ýaradan,
Bir salym gelipdir gaşy garadan,
Eger-ki öläýsem men bu ýaradan,
Ýarym jynazamy kylsyn-da gitsin.

***

Ýarym bar diýe

Bilbil howalanyp, belentden uçar,
Has bakja içinde gülüm bar diýip.
Seni söýen ýigit serinden geçer,
Gözeller içinde ýarym bar diýip.

Möwlam bir kararda goýmaz ynsany,
Men seni söýerin, sen-de söý meni.
Belki bir gün geler, idärsiň meni,
Şunda bir diwana ýarym bar diýip.

Men seni söýerin jan bilen tenden,
Möwlam aýyrmasyn söwdügim menden,
Janymy gaýgyrman, ýarym, men senden,
Sat bazarda gul-ýesirim bar diýip.

Garajaoglan diýer, gaşy garadan,
Ýaşmak perdesini aýyr aradan,
Seni, meni bir Möwlamdyr ýaradan,
Eselme, gyz, meniň zorum bar diýip.

Garajaoglan
10
45
flowers_
23 Oktýabr 2024
"Ýarym bar diýe" Sahydursyn G. aýdymyny haladym👍💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.