GAÝNENE__A gyz, Olýa, şu gün işden gelýärkäm,
Seniñ gaýynyña duş geldim ýolda.
At ýaly heleý-le,
seni garratman ,
Entek - entekler-ä ýaryşjagam däl-le.
__Wah, olmy? Wah, ony goýaý ýöne sen,
Bir tulum ýeli bar,
Bir sanaç puly.
Aýaklary ýelden,
saçlary kendir.
Olmy?
Diýmesizin diýmmäýin weli,
Tüýs Göroglyñ atyn ogurlan kemipir.
__Meñ gaýyn enem-ä Lukman hekimden
Bir müçe ulumyş.
Gözlerem batyl.
Gulaklary bilen göräýjek bolýar
Sokur gözleriniñ görmeýän zadyn.
__Seniñkä ýagşy gyz, pensiýa alýar,
Gör, biziñki otyr duluñy saklap.
Ne biş-düşi...
Ne-de kir yuwup bilýär___
Otyr garraryña garaşýan ýaly,
Agtygyñ däl ,
__ Käşgä saña ýetirmese agtygyn....
__Käşgä çyrpsa geýim-gejim , arlygyñ,
Poluñ ýuwsa ,
kaksa keçe-kilimiñ.
İlleriñ gaýyn-a kesel halyna
Garawulam durýar edaralarda.
Biziñkimi?
Keýpin görüp diliniñ
Ýöne ýaşamaga gelen ýaly-la...
...Gaýneneler garramaýan bolarly,
Gybata goşulýar öýe gelenler.
Gybat urýar gara kofäñ başynda,
Bu gün-erte gaýyn boljak gelinler!