Futbol eşiginiň kämilleşmegi
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman futbol oýnunyň dörän ýeri Angliýa hasaplanylýar. Hut şu ýerde 1863-nji ýylda bu meşhur oýnuň anyk, kesgitli düzgünleri girizilipdi.
Iňlis ligasynyň arhiwinde futbol oýunçylarynyň geýen eşigini, hatda oýun wagtynda kellesine ýörite başgaplary hem geýendiklerini görkezýän ýazgylar saklanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen iňlisleriň futbol hakdaky «bilimleri» Aziýanyň, Latyn Amerikasynyň we Afrikanyň port şäherlerine ýaýrapdyr. Gyzykly ýeri, Angliýada ilkibaşda bu oýun sişenbe günleri hem-de ýörite baýramçylyklarda oýnalypdyr. Toparlardaky oýunçylaryň sany käte 100-e golaý bolup, oýun daşyndan söweşe çalym edipdir. Şondan soňra birnäçe wagtlap bu oýun gadagan edilipdir.
XIX asyrda futbol eşikleri kämilleşipdir. Oýunçylar dürli şikeslerden goranmak üçin dyz üçin niýetlenen galkanjyklary ulanyp başlapdyrlar. 1867-nji ýyldan başlap her futbol klubunyň eşikleriniň ýörite reňki bolupdyr. 1909-njy ýylda bolsa derwezeçiler üçin aýratyn eşikler girizilipdir. Soňlugy bilen gorag galkanlary we ýörite ellikleri bolan derwezeçi oýunçylar peýda bolupdyr. Häzirki wagtda bu meşhur oýnuň hökmany bolmaly düzüm bölekleri bolup, duşuşyga dürli şaý-sepdir beýleki goşmaça geýimleri ulanmak rugsat berilmeýär.
1928-nji ýylda Angliýanyň «Çelsi» hem-de «Arsenal» toparlary ilkinji gezek sanlar bilen belgilenen futbol eşikleri bilen meýdança çykdylar. Bu belgiler 1950-nji ýyldan bäri dünýä çempionatynda ulanylyp başlandy. Ilkibaşda 1-nji belgide diňe derwezebanlar meýdança çykan futbol oýnunda häzirki wagtda san belgileri esasy roly oýnaýar. Wagtyň geçmegi bilen kämilleşip gelen futbol eşikleri hem-de oýnuň meşhurlygy dünýä ilatynyň söýgüsini gazandy diýsek ýalňyş bolmasa gerek.
Şatlyk ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Senagat tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.