Özüm hakda.
Menem perişde däl adam siz ýaly,
Özüme ýeterlik sogap günäm bar,
Ýüregimde gowy arzuwlar doly,
Nesip bolsa bolar diyen tamam bar.
Gitjegi göýtberýän hijem saklamok,
Hiç kimin oñünde özümi aklamok,
Bilmeyänim hakda dymýan geplämok
Aýtsam günäm boljagyna guman bar
Hormatlaýan maña hormat goýsalar,
Beter egyän sylap başyn egseler,
Öğkelämok kä-te göwüne degseler,
Bu Durmuşda ýagsylar bar ýaman bar.
Awtor: bilemok