Ýadadym ýalanlardan🥀🥀Men ýalandan, ýananlardan,
Ýadadym ýalany ýasaýanlardan,
Ýaşyrýanlardan,
Ýalan ýaşaýanlardan.
Göwnüm her bir söze ynanýanlardan.
Iblisiñ içinde görýän perişde,
Herişde mañlaýym urýan boşluga,
Üzülmez bergim bar geçen ýaşlyga.
Öz toslan zadyma ynanyp bilýän,
Kä özümden gorkup añalyp bilýän.
Şlýapadan towşan çykarýanlar köp,
Iñ arzan bahadan satylýar edep,
Sosial ulgamlar bolupdyr mekdep.
Ýaşym üç onlukdan aslyşýar häli,
Ömrüm uzak düýşiñ içinde ýaly,
Içimde ýaşaýar ýene bir däli.
Ruhum kararsyzyñ baryp ýatany,
Pikirlermiñ ýok belli bir watany.
Hatarly ýollarda sabrym gutardy,
Kimler bu gylygy bir kär tutundy,
Olardan däldigme nebsim utandy.
Ýüze gülüp dili bilen atdylar,
Köçede gygyryp ýalan satdylar,
Näme etse özlerine etdiler.
Hemme bilýändir,
Dünýe ýeke günde kezzap bolmandyr,
Ýalançy adyny ýatyp almandyr.
Soñsuz ýola birek biregi süýräp,
Barýarys nirä?!
© Süleýman TEKÄÝEW☘️