Kitaply surat ýa-da suratly kitapOrta mekdebiň ýedinji synpynda okaýardyk. Bogun sazlap, setir başyny çatyp bilýän okuwçylaryň ýazanjalaryny saýlap, baýramçylyk mynasybetli, ýygyndy etmek üçin jemlediler. Suratymyzy hem soradylar. Gördüm, bakdym, ýüze tutup boljak mesaňa-taýýar suratym ýok. Ýöriteläp düşmäge gitdim. Özümem okumyş görünjek boldummy ýa şahyrlar şeýle düşmelidir öýtdümmi, garaz, elime bir galyň kitabam aldym. Ynha, başymy biraz öňe egibräk, deň ikä açylan kitabyň sahypalaryna garap durun. Allanäme!
Ýygyndy çapdan çykdy. Minut sanap garaşanymyň tersine, görüp, känbir wejim bolmady. Suratym ölçeglije ýere doly ýerleşmänsoň, esasan, ýüz keşbimi goýupdyrlar. Kitaply ýeri sygmandyr. Onsoň, hamala, kimdir birinden öýkelän ýaly, başyny aşak salyp duran keşbe girip oturyberipdirin.
Wagt-wagt şol ýygyndyny elime alanymda, hem ýylgyrýaryn, hem öz ýanymdan özümçe “açyş” edýärin: “Asyl, adamyň elindäki kitabyny aýyrsaň, ol başyny egip, müzzerip, müýnürgäp duran birine öwrüläýjek eken-ow”.
Hakyky eser
Ýürekdeş dostumyň ýanynda kitaplardan söz açdym. Göwnüňi göterip, ýürege gozgalaň salýan çeper eserleriň käte tutuş ömür bilen terezä münýändigini, asyl-ha, şeýle kitaplaryň durmuşyň manysy bolup biljekdigini dile getirdim. Ylalaşmady. “Aňsadyna bakýarsyň. Taýýar zatdan lezzet almagy kim oňarmaz?! Öz ömrüňi, öz durmuşyňy çeper esere öwürjek bolmaly” diýdi.
Üstünden ýyllar ötse-de, aňymda aýbogdaş guran bu pent könelişibermändir.
Wagt
Ýaş şahyr: “Wagt, nirä gyssanýaň, saklan ahyry!” diýip, goşgy ýazdy. Bu goşgy ýany ýerden galmaýan hassanyň, durmuş toýuna gün sanap garaşýan aşyk-magşugyň, agtygyny bagra basmaga howlugýan enäniň… ýazgarmasyna sezewar boldy.
Kindiwanja telpekler we şygyr bentleri
Bir kişi täze ýüzülen işşek derisini telpek ussasyna eltipdir. Tamasy hem ulumyş: “Ýeri, neneň görýäň derini?! Dört-bäş telpek dagy çykar-la mundan”.
Ussa, çykaýsa, bir telpegiň çykjakdygyny näçe düşündirdim etse-de, garşysyndaky raýyndan gaýdarly dälmiş. Gep ýokmajagyny aňan ussa onuň bilen ylalaşypdyr-da, telpekleriň taýýar boljak wagtyny aýdypdyr.
Müşderi bellenilen mütdetde gelip äňetse, bäş telpek taýýar diýýä. Ýöne nä telpek-de, nä zat?! Hersi düwlen ýumruk ýalyja, hatda çaga-da geýdirip boljak dälmiş.
…Käte ele galam alyp, sözüň yzyna düşer gidersiň. Seriň göçüp, bir bentlik pikiri bäş bende ýaýradandygyňy aňşyrmarsyňam birbada.
Şeýle pursatda, näme üçindir, hiç kesiň “başyna ýapmajak” kindiwanja telpekleridir tamasyna büdrän badyhowa müşderi göz öňümde janlanýar.
Howlukmaçlyk
Şeýle maslahat berdiler: “100 göterim netije almak isleseň, howlukman, üns-üntüşigiňi diňe bir işe gönükdir. Gyssanyp, iki amaly birbada etseň, netije 50 – 50 bolmaýar, 30 – 30 bolýar…”. Bu ýerdäki aratapawut şeýtanyň paýy bolmaly. “Howlukmaç işe şeýtan garyşar” diýipdir-ä könekiler…
Görmek
Mugallym şeýle diýdi: “Görmek bar, görmek bar. Ýaş-juwanyň gözi ýitidir, ýöne görýän zady azdyr. Goja kişiniň bardykça gözi kütelişer, emma geçmişi, geljegi görüp-saýgaryp oturandyr…”.
Suratçy
Çagakak goňşymyzyň toýunda bir ýerde durman, zowzanaklap, bir pursady-da ahmal etmän, şekile geçiren suratçyny häli-henizem unudyp bilemok. Yhlas etme kemini-hä goýmandy ol. Ýöne… görlüp oturylsa, fotoenjamyna “plýonka” salmagy ýatdan çykaran bolsa nätjek?!
Suratdyr… Düşülse-de bolar, düşülmese-de. Ýöne durmuşda çep gursaga şükür, kanagat, ynam duýgularyny guýmazdan ýaşamak hem şol ahwaldan parhly däl bolsa gerek.
Kakamyrat REJEBOW