enes_∞
13.10.2024 21:27

MEN GÜNÄKÄR DÄL

Nüçün maňa seredýärsiň gaharly?
Ömrüň şeýledigne ,men günäkär däl .
Hoşwagt geçirip ajap baharňy,
Düzüw gezmedigňe ,men günäkär däl .

Ol söýýäniň seni söýmedimi ýar ?
Oýnap, uzak-uzak güýmedimi ýar ?
Jöwzaly duýguňy duýmadymy ýa ?
Onuň duýgularna, men günäkär däl .

Birje gezek hoşamaý söz diýmediň,
Şygyrlamdan päk duýgumy duýmadyň,
Aýdaý nüçün, söýýän ýigdi söýmediň,
Meni söýmedigňe ,men günäkär däl .

Saýladyň has belent ýerde doglany,
Güli dälde, puly söýýän oglany,
Indi olam puly söýýär, dogrumy?!
Seni söýmedigne, men günäkär däl .

Bu gazalmy ,ol ýüzleriň ýazdyrdy,
Gör gaharly , ol gözleriň ýazdyrdy ,
Hem zäherli, ol sözleriň ýazdyrdy ,
Şygryň şeýledigne, men günäkär däl .

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
20
260
Karaleva_
14 Oktýabr 2024
Jana gaty gynacly aglajak bolya🙃
Rova
13 Oktýabr 2024
@ideallider, howa ol belli zatla
ideallider
13 Oktýabr 2024
@Rova, gif goýup bolanok. Olam url kod bilen goýbar
okyyjy
13 Oktýabr 2024
Açyp dur gül ýaly👍🏻
enes_∞
13 Oktýabr 2024
@Rova, Howwa ☺️
Rova
13 Oktýabr 2024
Diymek gif bu progda išleýär 😀
ideallider
13 Oktýabr 2024
@enes_∞, howwa girip bolýar.4G
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.