enes_∞
12.10.2024 09:05

Dünýädäki iň meşhur festiwallar
Dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän festiwallardyr baýramçylyklar diňe bir ýerli ýaşaýjylary däl-de, eýsem, köp sanly jahankeşdeleri hem özüne çekýär. Biz hem şol festiwallaryň içinde iň meşhurlary hakda maglumat bermegi makul bildik.

Mardi Gras, ABŞ

Mardi Gras – ABŞ-da we Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde bellenilip, ol «Maslenitsa» baýramçylygynyň ekwiwalentidir. Bu baýramçylyk beýleki ýurtlarda asuda maşgala baýramçylygy hökmünde bellenilýändigine garamazdan, Täze Orleanda dünýäniň iň şowhunly we gyzgalaňly karnawallarynyň birine öwrülýär. Karnawal 6-njy ýanwarda başlap, iki hepdeläp uly şowhun bilen dowam edýär.

Rio karnawaly, BRAZILIÝA

Köp jahankeşdeler fewral aýynyň ahyrynda Braziliýa gitmegi arzuw edýärler, gynansak-da, bu arzuwy amala aşyrmak aňsat däl. Rio-de Žaneýroda geçirilýän karnawal her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden ýarym milliondan gowrak myhmany özüne çekýär, şonuň üçin hem oňa dünýäniň iň uly karnawaly diýsek hakykatdan daş düşmeris. Karnawal «täç geýdirmek» dabarasy bilen başlaýar, şol gün şäher häkimi Rio-nyň ýaşaýjylarynyň arasynda agramy (ýüz kilogramdan az däl) we sambo tansyny ýerine ýetirişi bilen tapawutlanan şa Momo täç geýdirýär. Karnawalyň bäş gününde polisiýa gözegçiliginden başga hemme zat täze patyşanyň gözegçiliginde bolýar.

Semana Santa, GUATEMALA

Antigua-Gwatemala Pasha baýramçylygynyň üýtgeşik we şowhunly bellenilýän ýeri. Baýramçylyk Orazanyň birinji gününde başlap, bir hepdeläp dowam edýär. Bu döwürde adamlar şäheriň güllerden haly düşelen köçelerinde dürli mukaddesleriň heýkellerini eline alyp ýöriş geçirýärler.

Palio, ITALIÝA

Palio – Italiýanyň esasy baýramçylyklaryndan biri bolup, ol Siena şäherinde ýylda iki gezek — 2-nji iýulda we 16-njy awgustda geçirilýän at çapyşyklarydyr. Şäherde at çapyşyklaryny geçirmek däbi has öň, XIV asyrda başlandy. Olaryň esasy aýratynlygy, ýaryşlaryň at aýlawlarynda däl-de, şäheriň esasy meýdançasynda geçirilýänligidir

Tomatina, ISPANIÝA

Üns berip seredäýmeseň, goýy gyzyl reňke bulaşan köçelerdir maşynlar, gygyryşýan mähelle birinji gezek göreniňde söweş meýdanyny ýada salýar. Bu hakykatdanam söweş, emma pomidorly söweş. Tomatina her ýyl awgustyň soňky hepdesinde Ispaniýanyň Walensiýa sebitinde bellenilip geçilýär.

Bu baýramçylyk ilkinji gezek 1945-nji ýylda bellenilipdir. Emma ispanlaryň birden birek-birege pomidor zyňmaga başlamagynyň takyk sebäbini hiç kim bilenok. Bu söweş pomidordan doly ýük awtoulaglarynyň şähere gelmegi bilen başlap, bir sagat gowrak dowam edýär. Bu baýramçylygyň esasy düzgünleriniň biri bolsa, pomidor zyňylmazdan öň hökmany suratda ýenjilen bolmaly.

Diwali, HINDISTAN

«Diwali» sanskrit dilinden terjime edilende, «ot» diýen manyny aňladýar. Bu baýramçylyk ýagtylygyň garaňkylygy ýeňşini alamatlandyrýar we bäş günläp dowam edýär. Diwali Hindistanyň dürli ýerlerinde başgaça bellenilýär. Festiwal baýlygyň we hasyllylygyň hudaýy Lakşmä bagyşlanyp geçirilýär. Bu baýramçylygyň belleniliş usulynyň dürlüligine garamazdan, Hindistanyň ähli sebitlerini birleşdirýär. Ähli şäherleriňdir obalaryň köçeleri çyralar we feýerwerk bilen yşyklandyrylýar. Adamlaryň geýinişi-de, öý bezegleri-de şol gün gaty üýtgeşik görünýär.

Turp gijesi, MEKSIKO

Roždestwonyň öňüsyrasyndaky gije, Oahaka şäheriniň esasy meýdançasynda turpdan ýasalan ajaýyp heýkelleri görüp bilersiňiz. Bu Turp gijesiniň gelendigini aňladýar. Daýhanlar bu köki miweli ösümligi ýörite baýramçylyk üçin has uly göwrümde ösdürip ýetişdirýärler. Olaryň käbirleriniň uzynlygy ýarym metre çenli baryp ýetýär. Ussatlaryň elinde bolsa olar dürli heýkellere, bina we beýleki dürli figuralara öwrülýärler.
7
75
Syke_Dali
12 Oktýabr 2024
Tomatina iñ bideregi, zaýaçylyk😑
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.