alma___
11.10.2024 19:31
Aýaly bir
hepdeläp çaga
dogrulýan öýde
bolanda äriniň
iberen salam haty.

Gezip ýörkäñ öýimüzde
bilmändirin gadyrñy.
Indi seniň gadyryň
bilsem gerek ölýänçäm
Tabak bilen saçagyn,
çäýnek bilen kitiriñ
Arasynda selpildäp,
janym çykdy, Sonamjan.

Çagajyklaň ugrunda
janserek men, janserek.
Bir elimde aşly jam,
bir elimde boşan jam
«Aýalymy öldüren
ownuk iş bolsa gerek
Diýip, bir wagt bir çopan
hak aýdypdyr, Sonamjan

Birisine nan gerek,
birisine suw gerek-
Bir ýanymdan Aýjan çekýär,
bir ýanymdan Maýsamjan
Wah, iýselerä ne ýaggy!
Geçimiz dek çümhörek.
Sen olary niçiksi
iýdirýärdiň, Sonanjan.

«Giç gelýärsiň!» diýeňde,
gaharlanan bolardym.
Bagyşlawer, öňüňde
ojuk-bujuk günäm kän.
Ynha indi sag-aman
gelseň bolýar şo ýerden.
Gazyk borun gaşyňda, wah,
Sonam jan, Sonamjan.

Nahar berseň «suwuk» diýp,
çaý äberseň «sowuk,, diýip
Azar ýamanyn berip,
igenerdim ýadýançam.
Indi ynha çaý ýerne beräý
gel-de suw guýup,
Nan ýerne-de kesek ber,
demim çykmaz, Sonamjan.

Saňa her gün daň bilen
salam bermeli eken.
Onda-da ýöne salam däl,
baryp ýatan «Salamjan
Ynha indi şol salamlaň
başlandygy şu günden
Salam! Salam!..
Dowamyny
Soň görersiň Sonam jan!..

Kerim Gurbannepesow
13
109
alma___
11 Oktýabr 2024
@flowers_, sag bol begendirdiñ
flowers_
11 Oktýabr 2024
@alma___, şu ýerde ýazan teswirleriñden çen tutsam begenerdim:)
eess
11 Oktýabr 2024
👍👍👍
alma___
11 Oktýabr 2024
+( gyzyklanyp soradym)
alma___
11 Oktýabr 2024
@flowers_, men ýaly goñşyly bolsañ gynanardyñmy ýa-da begenerdiñmi (ýöne gyzyklamyp
ideallider
11 Oktýabr 2024
flowers_
11 Oktýabr 2024
Adynyň hem Alma bolmagy ähtimal:)
flowers_
11 Oktýabr 2024
@ideallider, garyndaşymam, goňşymam, joramam hatda wirtualda-da diñe şu ýerde tanaýan.
ideallider
11 Oktýabr 2024
@flowers_, sebäbi sen ""G harly şeýle ýazýa şu agzamyz)" diýip teswir ýazdyň, menem netijede "Mümkin ýakynlyk saklaýandyr we foşkasymy ýa dälmi bilýändir" diýip pikir edip senden giňişleýin soraýşym boldy.
flowers_
11 Oktýabr 2024
@ideallider, zerurlygyňyza çäräni menden näme ûçin gõzlaniñize henizem düşünemok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.