📙📙📙Siz çalt kitap okap bilýärsiňizmi?Alymlaryň barlaglary netijesi adamlaryň 95% haýal, ýagny bir minutda 180-220 söz okaýan eken. Munuň özi kitabyň bir sahypasyny 1,5-2 minudyň dowamynda okamak diýildigidir. Napoleon bolsa bir minudyň dowamynda iki müň söz okap bilipdir. Balzak ýarym sagatda 200 sahypany okaýan bolsa, M.Gorkiý bir minudyň dowamynda dört müňe golaý söz okamagy başarypdyr. Şeýle hem oňa žurnalyň bir sahypasyny okamak we ondaky maglumatlary doly özleşdirmek üçin bir minut ýeterlik bolupdyr. N.Rubakin ömrüniň dowamynda 250 müň kitap okapdyr. T.Edison bolsa, birden 2-3 setir okap, ünsli okaýanlygy üçin tutuş teksti ýatda saklamaga ukyply eken.
Alymlaryň bellemegine görä, kitap näçe çalt okalsa, şonça-da gözüň ýadawlygy azalýar, şeýle hem, okaýan eseriň manysyna düşünmek aňsat bolýar. Ýagny, adaty okaýyşda tekste düşünmegiň derejesi 60% bolsa, çalt okanyňda bolsa 80% çenli artýar. Çalt okaýanlar adaty okaýanlara garanyňda sözleriň arasynda az dyngy berýärler. Haýal okalanda her setiriňde gözüň 0,5-0,7 gezek esassyz dolanýar. Adaty okaýyşda bir wagtda bir setirden 1,5-2 sözi alyp bolýar. Çalt okalanda bolsa, bir wagtda birnäçe setirden 33-63 söz alyp bolýar.
༼ ༽༼ ༽