enes_∞
09.10.2024 20:56
AÇAR 2- nji bölüm
HEKAÝA
– Gaýrat et, goňşy! Kän eglenesemiz ýok. Hä diýmän geleris – diýip, ejem meni Okganyň gujagyna berdi. Men elde-aýakda durman, sesimiň ýetdiginden zörledip aglamaga başladym. Okga bolsa haýyma-maýyma bakman, meni öz öýlerine alyp gaýtdy. Ana, şonda men ýene bir zada göz ýetirdim. Her näçe çarbaýlyk etsemem, sesim gyrlyp, göm-gök bolýançam çyrlap, aglasamam, dözüljek ýerleri-de bolýar ekeni. Hatda motoryň açaryny tapylmajak ýere zyňanam bolsam, ejem bilen kakamy ýolundan saklap bilmejek ekenim. Olary goýbermezlik ýa-da ýanlaryna goşulyşyp gidibermeklik meniň erk-ygtyýarymda däl ekeni.
Soň näme boldy? Soň Okgalarda sojap-sojap aglanymy, ýüzümiň çişip, gözümiň çym gyzyl bolanyny bilýän. Kemşerip, kemsitmä meňzeş garjaşyk duýgularyň yzasyny çekip ýatanym ýadymda. Ondan soňky zatlar ýadyma düşenok. Usurgap uklap galan bolmagym mümkin.
Elbetde, ejem bilen kakam mensiz nirä gidenem bolsalar, gidişleri ýaly yzlaryna köwlenipdirler. Olaryň açary tapandyklaryny ýa tapmandyklaryny, motorly gidendiklerini ýa gitmändiklerini bilemok. Ýadyma düşenok. Asla men şo zatlary şo gün unudypdyryn öýdýän. Hakydamyň gizlin bir ýerine salypdyryn-da, soňam büs-bütinleý ýadymdan çykarypdyryn.
Ondan soň kän gezek ýaplaryň suwy çekildi. Ondan soň durmuşymda bihasap agylar, sansyz gülküler boldy. Ondan soň telim sapar içimi tutup, awundym. Käte başymdan hasrat indi, käte şatlyga şärik boldum. Emma şunça ýyllaryň dowamynda nämüçindir açar barada pikir etmändirin.
So-oň-soňlar ajal bilen ýaka tutuşyp, ahyry asgynlap ýan beren mähriban ejem elimde iň soňky demini sanap, hyrkyldap ýatyrka-da, ömrüni gara zähmet bilen daban azabyna pida eden jepakeş kakam gözüni müdimilik ýumjak bolanda-da bu wakajyk ýadyma düşmedi. Olar meni şo gezekki ýaly wagtlaýyn dälde, hemişelik taşlap gidensoňam, hatda bassyrmanyň astynda çaň basyp ýatan şol köne gozakly motory gören wagtymam açarly waka kelläme gelmedi.
Ýöne, ynha, üstünden kyrk ýyla golaý wagt geçensoň, şu gün – tüýdülen ýüň ýaly, bölek-büçek bulutlaryň gök ýüzünden alakjap geçip barýan wagty, sörtük şemalyň baglardaky gülleri aparmak üçin oýun baryny turuzýan wagty, golaýdan bir ýerden gül şiresini sorýan bal arysynyň wyzzyldysynyň eşdilip duran wagty, ýaşaýyş ugrunda göreşiň ýitileşen wagty... şo açarly waka ýadyma düşdi. Muňa uly ýoluň ugrunda durkam gapdalymdan wazlap geçen gozakly motor sebäp boldy. Motoryň üstünde kakama çalymdaş bir adam, gozagynda bolsa ejeme meňzeş bir aýal otyrdy. Ýüz keşplerini saýgarmaga maý bolmady, emma göwnüme bolmasa, ikisi-de kimdir birini bialaç ynjydan ýalydy, gerekli zadyny unudyp barýan ýalydy, bir derdi içine salyp, agyr aladanyň astynda galan ýalydy, ünjülidi, gussalydy. Bu surat, hamana, ejem bilen kakam bary-ýogy ýekeje gezek, bir pursatlyk maňa çalasudur görnüp geçmek üçin kyrk ýyllyk geçmişden çykyp, indem nirädir bir ýere gyssanmaç gidip barýan ýaly bolup göründi. Ine, onsoň olar meni ýany bilen alyp gitmeg-ä däl, hatda gabadymda göz açyp-ýumasy salym eglenmän gidendikleri üçin, diňe şoň üçin şo-ol birmahalky suwly ýaba zyňlan açar, näderini bilmän, jibrinip ýören ejem, açaryny gözläp elewreýän kakam, ynha, şularyň bary göz öňümde edil ýaňyja bolup geçen deý janlandy. Şu ýerde hykga damagym doldy-da, hatarly kerwenden üzülip galan kimin, delminip, olaryň giden tarapyna aňalyp galdym.
Meniň şo-ol birmahalky özelenip aglap galyşym ýaly, olaryň yzynda-da biri boýnuny burup, dodagyny kemşerdip galan ýaly bolup dur.

Soñy:
26-njy mart, 2014-nji ýyl
Mary
11
75
enes_∞
9 Oktýabr 2024
© Kakamyrat ATAÝEW
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.