enes_∞
09.10.2024 20:52
AÇAR 1- nji bolum

HEKAÝA
Şol gezek ejem bilen kakam mellekde işläp ýördi. Menem tamyň kölegesinde oturyp, bir jam erik iýipdim-de, yzyndan ber-başagaý şänik döwünjek bolýardym. Şonda telpegini çümre geýen nätanyş bir adam gelip, esasan kakamyň ýüzüne seredip, bir zatlar diýdi. Aralyk eslije ýer bolansoň, onuň näme habar getirenini men anyk eşitmedim.
Nätanyş gidip-gitmänkä ejem bilen kakam pillerini alyp, gyssanmaç işige ýöneldiler. Olaryň aljyraňňy hereketlerinden, galagoply ýüzlerinden nirädir bir ýere şaýlanýandyklaryny soraman biläýmelidi. Elbetde, men kakamyň “goçguzusy”, ejemiňem “erkesi” bolanym üçin hiç wagt olaryň ýanyndan galmaýardym. Şo gezegem üstümiň gumuny dagam kakman, hasyr-husur kakamyň motorynyň gozagyna aslyşyp mündüm-de, joňkarylyp oturyberdim.
– Erkäm, sen Hajar bilen oýnaber. Hany, şänikleriňi nätdiň? Erigiň barmy? – diýip, ejem meni gozakdan sogrup aldy.
Bularyň meni taşlap, birýaňa gitjeklerini gözüm bilenjik görüp durkam ömür Hajar bilen oýnarynmy?
– Menem gitjek. Menem gitjek siz bilen! – diýip aglamjyrap, nadaralyk edip ugradym.
Kakam pilini süpürişdirip oturan ýerinden:
– Hany, bi Okga dagy ýokmuka? Tabşyraý şolara. Birki sagat güýmäp bersinler! – diýip, ejeme maslahat berdi.
Ejemem bilguşagyny çözüp, teläriň üstüne atdy-da, golaý goňşymyzyň işigine seredip:
– Okga-a! Aý-uw, Okga-a! – diýip, gygyrmaga durdy.
Kakam biraz gatyrganyp:
– Beýdip gygyryp durma ahyryn. Beh... Ýanyna baryp, ýagdaýyňy düşündir, haýyş et! – diýdi.
Ejem goňşulara garşy ýönelen dessine men hemişeki gizlenýänje ýerime – aýakly sandygyň aşagyna girmek üçin öýe kürsäp urdum. Ine, şu ýerde-de penjiräň öňünde kakamyň motorynyň açarynyň ýatandygyna gözüm düşdi. Açary garbap aldym. “Muny jübüme salsam-a, derrew tapyp alarlar. Tapdyklary motora atlanyp, menem taşlap giderler. Eger men gitmejek bolsam, goý, onda ejem bilen kakamam gitmesin! Şoň üçin açary ýok etmeli” diýen pikir kelläme geldi. Ýöne açary nädip ýok etmeli? Nirä zyňmaly? Uzak oýlanyp durmadym-da, penjiräni açyp, tamyň arka ýüzünden geçýän suwly ýaba zyňyp goýberdim. Özümem aýakly sandygyň aşagyna girip, gizlenip ýatyberdim.
Meni derrew tapdylar. Emma açar tapylmady.
– Haýsy penjiräň öňünde goýupdyň? – diýip, ejem soraýardy.
Kakam bolsa birde bu penjiräni, birde-de o penjiräni salgy berýärdi. Açary takyk nirede goýanyny onuň özem bilmeýän bolarly. Birdenem ol:
– Oh! Ýadyma düşdi – diýip, atylyp, daşaryk çykyp gitdi. Elbetde, açary meň alanymy we suwly ýaba zyňanymy kakam görmändi. Emma şonda-da kakam açary tapar öýdüp, şo pursat öler ýaly gorkdum. Açar tapylsa, ejem bilen kakamyň meni taşlap gitjekdigine gözüm ýetip durdy.
Kakam okdurylyp daş çykanam bolsa, öýe girende ýüzüni aşak sallap, sust geldi.
– Ýog-a. Käte motoryň özüne dakyp goýaýýardym. O taýda-da ýok ekeni – diýip, ol pessaý ses bilen günäli ýaly dillendi.
– Jübiňde goýan-a dälsiň? Jübüleriňi barla hany! – diýip, ejem ýatlatdy. Onsoň olar iki bolup kakamyň ähli eşikleriniň jübülerini barlamaga durdular.
– Aý, ýok, men hiç wagt jübimde açar goýamog-a – diýip, kakam jübülerini çöwürýärdi.
Ejem bolsa:
– Onda haýsy arwah ýoguna ýandyka o artyp galmyşyň? – diýip jibrinýärdi.
Açar tapylmady. Ony nireden gözlejekdiklerini bilmän, ýaýdanyşyp durkalar birdenkä ýadyna düşen ýaly, ejem maňa garap:
– Hany, göniňden gel, motoryň açaryny sen ýygnan-a dälsiň-dä? – diýip, dözümli sorady.
Men gözümi mölerdip, burnumy çekdim-de:
– Ýo-ok – diýip, sogduryp aýtdym.
Şonda kakam “Açary sen gizlediňmi, goçguzym? Köseme-de tapyp beräý. Görýäň-ä biz gaty gyssanmaç” diýýän ýaly, şeýle bir mysapyr, şeýle bir nebsagyryjy garaýyş bilen meniň gözüme seretdi welin, tas ylgap baryp, suwly ýaba özümi urupdym. Eger “Açary tapyp berseň, senem äkidäýeris” diýen bolsa, gürrüňsiz boýnuma aljakdym.
Tizden goňşymyz Okga diýilýän aýal geldi.

Dowamy bar
9
66
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.