TABYTHEKAYA soňyGünleriň birinde kakam içip gelip, atamdan idinsiz tabydy ýerzeminden çykardy-da, ony palta bilen kül-owram etdi:
– Kim saklasa, şol saklasyn. Men indiden beýläk beýle jeza çydam edip bilmen.
Penjireden seredip duran atamyň gazaply sesi gulagyma ildi:
– Haý, wenezzyna!
Ol şundan başga bir sözem diýmedi-de, içini çekip, aşak çökdi. Penjiräniň aňyrsynda onuň nä haldadygyny bilemok, bilmänime-de şükür edýärdim.
…Güýz paslynyň irginsiz ýagşy ýaly, tabyt gereklilerem şol gapyny kakyp durýardylar. «Tabyd-a ýokdur» diýen jogaby eşidensoňlar, olar ýagşyň astynda niräk gitjeklerini bilmän, aljyraňňy halda maslahatlaşýardylar. «Aý, bul-a bolmady» diýşip zeýrenýärdiler.
Şeýle ýagdaýy görensoň, atam ahmyrdan hem-de gynançdan ýaňa müzzerip galýardy, kakamyň ýüzüne gazap bilen seredýärdi-de, öz jaýyna geçip gidýärdi.
Tiz wagtdan soň segsene ser uran atamyň haly ýaramazlaşyp ugrady. Ýanyny mazaly ýere beren atam täretinem düşekde etmeli bolýardy. Onuň indi galmajagyna gözi ýetensoň, kakam dogan-garyndaşlarymyza, dost-ýarlarymyza habar etdi: hoşlaşmakçy bolsaňyz gijä galmaň!
Esasy geljek adamlar gelip ýetişensoň, atam uzak jepa çekmän jan berdi.
Pahyr agşamara jan berensoň, ertir ir bilen jaýlamaly diýen maslahata gelindi. Ertirki gopjak howsaladan hiç kimiň habary bolmansoň, kakam haýal etmän atamyň doganyna – ýaşulymyza tabydyň ýoklugyny aýtmaly boldy. Şuňa-da şükür.
Adamlar tabyt gözleginde ikiýana urnup ugradylar. Gijäniň ýaryna çenli tabydy bolaýjak adamlaryň hemmesiniň gapysy kakyldy. Gidenem iki elini burnuna sokup gelýärdi. «Be, adamlar hem meniň kakam ýaly pikir edýän bolara çemeli: şol şum zady biri saklamaly. Gerek bolsa, ilçilikdir, elbetde, tapylar» diýýändirler diýip, men içimi gepledýärdim.
Uly bir şäherde tabyt ýokdy…
Ahyry daň saz berende, bir ýagşy adam gapymyzyň agzynda maşynyny duruzdy-da, howla gygyrdy:
– Birki sany adam çyksyn, haw!
Howla reňki saralan, çagşap giden tabydy saldylar. Ilçilik-dä, şuňa-da şükür!
Gün guşluk bolanda, atamy tabyda mündürip ýola düşdük.
Men öňem bu ýoldan telim gezek geçipdim. Emma ol hiç wagt şu gezekki ýaly tagaşyksyz, geň bolup görünmändi. Elleriň üstünde jygyldap barýan betgelşik tabytda ýatan atam, göwnüme bolmasa, häzir kellesini galdyryp:
– Oglum, maňa çekiçdir çüý, reňk getir, bu tabydy päbrikden çykma edeli – diýäýjek ýalydy.
…Adam soňky gezek ynjamaz ýaly, tabytlar berk bolmalydyr.
Gerek bolaýýar.
© Gurbannazar EZIZOW