TABYTHEKAÝAMeniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser gelende, ýok zatlar ýadyma düşüp, depe saçym üýşýärdi.
Iň beteri hem, ol tabyt mende adamyň kellesine gelip biljek iç-ýürek gysdyryjy, iň bir tukat pikirleri oýarýardy. Şäheriň giden bir raýonynda bizden başga hiç kimde tabyt bolmansoň, onuň hyrydaram kändi. Kä günler ikiläp-üçläp hyrydar tapylýardy.
Özümiziň saklap ýören şu geň emlägimize men ne begenjegimi bilýärdim, ne-de gynanjagymy. Tabydyň hyrydarlary zol gapymyzy kakyp duransoňlar, men «adamlar diňe ölýärler-ow» diýip pikir edýärdim.
Şol tabyt howlymyzda peýda bolandan soň, atam bilen kakamyň arasynda ownukly-irili çaknyşmalar döräp başlady.
– Kaka, sogap gazanmaga başga ýol ýokmudy? – diýip, kakam atamyň göwnüne degmez ýaly, seresabrak äheň bilen aýdardy.
– Ýerimiz darlyk edenok, oglum! – diýip, atam sakgalyny sypalardy. – Ýolda-yzda oňa büdrejek gümanyň ýok. Ol ýerzeminde.
– Ol-a şeýle welin…
– Ýeri, weliniň näme?…
– Howluda tabyt bolansoň, bu gün-erte ajal gelip ýakaňdan tutaýjak ýaly bolup dur…
Atam şundan soň myssaja ýylgyrardy-da:
– Gowy bor, oglum, gowy bor, käwagt ölüm hakynda pikir edäýmegem ýerliksiz bolmaz – diýerdi. – Onsoňam, özüň bilýäň, bu jelegaýda hiç kimde tabyt ýok ahyryn.
Gürrüň şunda gutardy.
Gapy bolsa şol kakylyp durandyr.
Äkidilende üstüni ýukajyk tozan gatlagy basan tabydymyz gaýdyp gelende ýuwlup-ardylyp, öz gögümtil reňki bilen enaýy öwüşgin berýärdi.
Kakam ara wagt salyp, ýene atama igenerdi:
– Kaka diýýän-ä, şu tabyt saklamagyň gowy niýetmi?
– Gowy niýetmi, erbet niýetmi, onçasyny özüň bil. Ýöne adam diýeniň sen isleseňem ölýändir, islemeseňem. Il derdine ýarajak şaýyň şumam bolsa, saklamak erbet däldir. Ine, men erte ölerin. Şonda nädersiň? Iki sany ýasy şalmanyň üstünde ýuwup, şoňa mündüribem ýola salaryn diýjekmi?
Atamyň gaharynyň gelenini bilip, kakam ýene yzyna dolanardy.
Adamlar bolsa şol gelip durandyr.
Wagtal-wagtal atam tabydy howlynyň ortasyna çykaryp, sallançak bejeren ýaly, onuň gowşan çüýlerini berkiderdi, eger reňki solupdyr diýip pikir etse, alardy-da reňkläp goýbererdi.
Şeýle söýgi bilen tabydy bejerýän atama men näme diýip näme aýtjagymy bilemokdym: «Onuň ähli duýgusy ölen bolara çemeli» diýip, içimi geplederdim.
Ýaz geçip tomus, tomus geçip güýz geldi. Baglaryň saralan ýapraklary ýere şeýle bir göwünsiz gaçýardy welin, göwnüňe bolmasa, olar, iň bolmanda, ölümiň öň ýüzünde howada bir salym saklanmaly diýýän ýalydy.