Arşyň üstünde
geçen press konferensiýa
Ýaradan ýaradyp ilkinji Aty,
Çagyrdy ullakan pres-maslahat.
Maslahata geldi ähli haýwanat.
Haýwanlaň şu günki, ertirki bagty.
Hakynda söz sözläp tutuş bir sagat.
Ýüz ýylyň işinden berdi hasalbat
Soň diýdi: «Ýene-de bir mesele bar.
Şony herm çözäýsek - maslahat tamam.
Gaty toýnaklylaň maşgalasyna.
Goşulmaly şu gün täze bir haýwan.
Onýança-da kişňäp şol täze haýwan
Derwezeden girdi. Ony görende
Maslahata gelen ýedi müň haýwan
Doňup galdy duran-duran ýerinde.
Gözüňe söwdügim, şeýle bir bedew
Alkymy - daglaryň alkymy ýaly.
Ýakymy - bägüliň ýakymy ýaly.
Ýallary-hüýr gyzlaň çokuly ýaly
Guýrugy - maýsanyň tolkuny ýaly
Akyly - dananyň akyly ýaly.
«Ynha indi her kim näme islese
Aýdybersin! – diýip,
gobsundy Rahman
Kemçiliksiz zady ýaradaýmak kyn
Entegem ýetmezi bolmagy ahmal
Hemmelerden ozal söz alyp Eşek.
Ýaradana bakyp, eýledi tagzym:
Juda ajap haýwan ýasapsyň, tagsyr.
Ýöne hasam beter ajap bolardy.
Bili bir azajyk bolaýsa ýogyn,
Gulagam azajyk bolaýsa uzyn.
Ýogsa göwre uly, gulagam kiçi..
Diýmek, formasyna
ters gelýär mazmun.
Soň Geçi mäledi: «Ya perwerdigār
Beýle ajap haýwan älemde seýrek
Bu ýöne haýwan däl, duran bir melek
Ýöne weli özüň Hudaýam bolsaň
Entek bir tarapyn edipsiň telek:
Eňegi-hä köse, kellesem kelek.
Muňa bir şah bilen
Gür sakal gerekl»
Replika berdi erkejik towşan:
«Abat günümizi etmäliň bibat.
Şahynyň ýoklugy örän gowy zat
Şu göwresi bilen şahy hem bolsa
Biziň hemmämizi gyrar zalywat
Hudaý bir ýylgyrdy.
Ondan bihabar
In soňky hatardan bögürdi Öküz
«Ýa ýaradan, seniň keramatyňa
Bolmandym, bolamok,
bolmanam müňkür.
Gulagy-da ajap, alny-da ajap,
Guýrugy-da ajap, ýaly-da ajap,
Ýöne weli kişňemegiň deregne
Molaýsa, ajabyň ajaby boljak!»
Ýene bäş-on haýwan çykyp sözledi.
Biri eýle diýdi, birisi beýle.
Sagadyna bakyp diýdi Ýaradan:
«Belki, çelkişmäni jemlärsiň Düýe.
Buýsanyp özüniň ululygyna,
Biperwaý gäwüşäp, diýdi ol: «Ýaradan".
Aýdylan zatlaryň bary biderek.
Oňa ne şah gerek, ne uzyn gulak
Ne-de sakgal gerek, ne-de molamak
Bary-ýogy oňa bir örküç gerek!
Hudaý ýylgyrmadam,
Gaharlanmadam.
Ýerinden turdy-da, diýdi: «Wessalam
Indi şunuň bilen maslahat tamam
Orän köp peýdaly zatlar aýtdyňyz
Sag boluň. Nazarda tutaryn hökman.
Nazarda tutupmy ýa-da tutmanmy.
Ol maňa-da aýan,
Size-de aýan.
Kerim Gurbannepesow