enes_∞
08.10.2024 08:54

2024: lukmançylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy
2024-nji ýylda baýrak mikroRNK molekulalaryny oýlap tapandygy hem-de onuň transkripsiýadan soňky gen dolandyryşynda tutýan orny üçin Wiktor Ambros we Gariý Ruwkuna berildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy şu gün, 7-nji oktýabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde geçirildi.

MikroRNK — ribonuklein kislotasynyň (RNK) gysga molekularyndan ybarat bolan aýratyn topar bolup, ol beýleki molekulalar ýaly, ençeme geniň işjeňligine täsir edýär. Köp ýagdaýlarda hut MikroRNK-a seredip, bedeniň ol ýa-da beýleki öýjüklerindäki genleriň işjeňlik ukyby anyklanylýar.

MikroRNK-nyň oýlanyp tapylmagy juda möhümdir, çünki olar genleri dolandyrmaga gatnaşýarlar. Bu ýagdaýyň bozulmagynyň netijesinde, süýjüli diabet, onkologik we autoimmun keselleriň döremegi mümkin. Şonuň üçin-de, gen dolandyrylyşynyň mehanizmine düşünmek soňky onýyllyklarda ylym üçin möhüm maksat bolup gelýär.

Däp bolşy ýaly, Nobel hepdeligi lukmançylyk we fiziologiýa boýunça baýrak gowşurylyş bilen açylýar. Ertir — 8-nji oktýabrda fizika, 9-njy oktýabrda himiýa, 10-njy oktýabrda edebiýat, 11-nji oktýabrda Osloda parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim ediler. Şeýle hem 14-nji oktýabrda Şwesiýa banky tarapyndan 1968-nji ýylda döredilen — Alfred Nobeliň baýragynyň ykdysadyýet boýunça eýesi belli bolar.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda lukmançylyk we fiziologiýa ugry boýunça Nobel baýragy wengriýaly biohimik Katalin Kariko we amerikaly Drýu Waýsmana gowşurylypdy.

«TürkmenGazet».
14
124
matsuriken
8 Oktýabr 2024
Fizikadan Jon Hopfild bilen Jofreý Hinton aldy
PILOT👮‍♂️✈🛩
8 Oktýabr 2024
hindistanly lukman bolmaly şu
matsuriken
8 Oktýabr 2024
@zumerret_, amerikan
zumerret_
8 Oktýabr 2024
Gary Ruvkun Hind lukmanymyka ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.