7-nji oktýabr — Bütindünýä pagta güniMälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň awgust aýynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynda her ýylyň 7-nji oktýabryny Bütindünýä pagta güni diýlip yglan etmek boýunça resminama kabul edildi. Bu sene dünýäniň köp ýurtlarynda pagtanyň esasy girdeji we eklenç çeşmesi hökmündäki ähmiýetini görkezmek maksady bilen döredildi.
Pagta dünýä ykdysadyýetinde möhüm harytlaryň biri bolmak bilen, häzirki wagtda bäş yklymyň 75 ýurdunda 100 milliondan gowrak maşgala üçin esasy girdeji we eklenç çeşmesi bolup hyzmat edýär. Halkara pagta güni mynasybetli, her ýyl 7-nji oktýabrda dünýäniň dürli ýurtlarynda baýramçylyk çäreleri – pagta ösdürip ýetişdirmegiň we pagtanyň görnüşleri boýunça sergiler, ýarmarkalar we ylmy-amaly seminarlar guralýar.
Häzirki wagtda pagta süýüminden we çigidinden jemi 150-ä golaý görnüşli önüm alynýar. Hut şonuň üçinem halk hojalygynda gowaçanyň uly ähmiýete eýedigi hemmä belli hakykat. Onuň bilen deňleşip biljek önüm ýok bolsa gerek. Sebäbi onuň diňe bir süýüminden öndürilýän önümleri-de näçe sanasaň sanabermeli. Nah matalar, sapaklar, sellýuloza önümleri, pektin maddalary… Pagta çigidem durşuna baýlyk. Onuň 1 tonnasyndan 170 kilogram ýag, 400 kilogram künjara, 300 kilogram harpyk, 30 kilogram lint, başga-da birnäçe önüm alynýar. Lintden plastmassa, surat plýonkalary, likoleum, laklaer we beýleki önümler öndürilýär. Harpyk gidroliz senagatynda giňden ulanylyp, onuň bir tonnasyndan 85 litr spirt, 300 kilogram lipolit gurluşyk plitasy, 28 kilogram kömürturşy we 300 kilogram sirke turşusy alynýar.
Biziň bellänlerimiz diňe gowaça süýümine we çigidine degişli. Gowaçanyň ýaprak we baldak ulgamynda-da köp peýdaly maddalar bar. Diňe bir ýaprakda organiki kislotalaryň 17-si emele gelýär. Olar halk hojalygynda giňden ulanylýan limon, alma, askorbin, şabel, süýt, üzüm fumor, sirke, nikotin, walerion, salisil, ketoglatar, izolimon, sis-akonit kislotalarydyr. Gowaçanyň baldagy barada aýdylanda, onda, esasanam, 97-98 göterim selýuloza bar. Ýeri gelende bellesek, mundan 4-5 ýyl öň daşary ýurt tehnologiýasy esasynda onuň baldagyndan TBP we DSP ýaly mebel önümçiligi üçin zerur serişdeleri öndürmegem ýola goýuldy. Ýerli telekeçileriň bu önümleri şu wagta çenli daşary ýurtlardan satyn alynýanlardan hiç babatda kem däl. Şeýlelikde, gowaçanyň ýapragyndan, gülünden we gozasynyň çaňňalagyndan dürli düzümli uglewodlaryň 6-sy we spirtiň 7 görnüşi bölünip çykýar.
Halk hojalygyna şeýle köp önümleri berýän gowaçanyň ýetişdirilişi pagtaçylyk oba hojalygynyň esasyny düzýär. Türkmen topragynda bu ekin ekilip, pagta öndürilip başlaly bäri geçen döwrüň içinde ilkinji ýönekeý enjamlardan başlanýan dokma senagaty soňra çalt depginler bilen ösüp, öz önümlerini daşarky bazara çykaryp bilýän pudaga öwrüldi.
Turkmengazet