gunesh_
06.10.2024 09:27
Adamlar bölünýär iki topara,
Birisi-ölüler, biri-diriler.
"Öli köpmi, diri?" diýip soramda,
"Öli köpräk bolaýmasyn" diýdiler.

Adamogly asyrlaryň içinde
Ençe gezek ganly daňa baş goşdy.
Gör, näçesi geçen urşuň özünde
Dünýä bilen ebedilik hoşlaşdy.

Ine şeýle gowgalary ýat edip,
Oýlanyň-da, öz-özüňiz biliberiň.
Bilsem-de men ölenleriň köpdügin,
Hemmesine öli diýip bilmerin.

Hak iş üçin gurban bolan ärleri
Ilim-günüm ýaşadypýör arada.
Öli däldir ölenleriň hemmesi,
Diri däldir dirileň käbiri-de.

Entek-entek şol dirileň içinde
Birmahallar ölüp giden diri kän.
Öli bolup gitmez ýaly ölende
Diri bolup ýaşamaly dirikäň.

Halyl Kulyýew
5
108
Syke_Dali
7 Oktýabr 2024
@gunesh_, like basany bilen artyan zadama yok derejàñem bir manatlyk peydasy yok men ucin
olia
7 Oktýabr 2024
@gunesh_, bashgalaryn gownune yaramagy un belleyan yaly sho guni😕
olia
7 Oktýabr 2024
@gunesh_, doglan gunimi menem yatlamok yone mydama yanymda yatladyp yoryaler doglan gununde eydeli beydeli diyip🤦🏻‍♀️ sebabi ozum koplenc organizowat edip gezyan illen doglan gununde gutlamagy🤦🏻‍♀️
Syke_Dali
7 Oktýabr 2024
@gunesh_, Eýtjek beýtjek baryvir goşgyny bölek-bölek etjekda🥴🤦
matsuriken
7 Oktýabr 2024
@olia, ýok garraňok. Şüdünnireýin. Doglan gün ýylda bir gezek bolýar we seniň ýaşyňa bir ýaş goşýar. Bu prosess garramak däl ulalmak 🗿Garramak bolsa has uly ýaşlarda organizmiň käbir ukyplarynyň pese gaçmagy bilen başlanýan proses 😌
olia
7 Oktýabr 2024
@matsuriken, 2 gunden garrayan😭
matsuriken
7 Oktýabr 2024
@olia, ýak... Menem şeýle 😐 ýogsa entek iki aý bir hepde bar🗿
olia
7 Oktýabr 2024
Name ucin her gezek doglan gunum yakynlanda oljek gunum barada pikirlenip bashlayan?? Yeke men sheylemikamay🤔
okyyjy
6 Oktýabr 2024
Ussat şahyr
ideallider
6 Oktýabr 2024
@gunesh_, iň soňky setiriňi aýyr. Gutlagdabeýle setir ulanylýar. Wepat bolanlaryň alnyna barsyn diýip goýaý👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.