Ýetäýjek ýaly
Pyşyrdanyñ - şygyr, sözläniñ - aýdym,
Zemin heýjan tapar, tutulsa adyñ.
Dünýämde şemim sen, köñülde şadym,
Meni bir sen bagtly edäýjek ýaly.
Neneñ gowy -
Gül ýürege ýaz gonsa!
Dillere - saz, kirpiklere näz gonsa!
Doñup durun, ynan, sähel gozgansam,
Sen gözümden uçup gidäýjek ýaly.
Meni soñsuz derde dözen dözmezim,
Seniñ söýgiñ bile gitdim özgerip...
Bir alaja ýüpüm - aşyk gözlerim
Sen nirede bolsañ, ýetäýjek ýaly.
Soñsuz synaglara sezewar göwnüm,
Öñde - soñda bir hoş söze zar göwnüm.
Diñe senli günler bezeýär ömrüm,
Alnymda ak dañlar ataýjak ýaly.
Sen sen diýip, şunça menzil aşdygym,
Bir ýylgyrşyñ - ak bagtyma buşlugym.
Ýagmyr bolup ýagsa gözden ýaşlarym,
Yşkyñ wysal güli bitäýjek ýaly.
Dünýe bir çarh, aýlaw aýlaw aýlanyp,
Duşurar ol, ahyr bir gün aýñalyp.
Howpurgadym, azaşdyryp aýralyk,
Gül ömrüm armanly ötäýjek ýaly.
- Kakamyrat Rejepow