Ýanwar gelip ara sowuk gyş düşdi
"Ýaraş" diýip fewral otyr ýalbaryp
Bir günüm,bir ýyl dek uzak geçýärkä
Mart!
Ömür boýy berdi aýralyk
Aprel meni iýdi içim- içimden
Gurap galdym gyşda galan agaç deý
Ýollarym garaňky,gijäm uzady
Tümlükde ýaşaýan,bir kör göreç deý
Maý geldi,yzyňa bir sen gelmediň
Ýitip barýan öz-özûmden kiçelip
Giden ýollaryňa siňip galdym men
Ýene öňki ýagdaý İýun,ýekelik
İýul yssysynda gowurdy barha
Öň ýananym göýä az bolan ýaly
Awgust serim alyp uçurdy göge
Bolup galdym indi biçäre däli
Sentýabrda guran ýaprak dek gaçdym
Arzuw,umytlamdan elim göterip
Oktýabr,noýabr zyndanym boldy
Gamym-gussam boldy seni ýitirip
Dekabr ýatlama gözel pursatlar
Aýralygyň aýy ýanbaram geldi
Geçdi 1 ýyl,geçdi üç ýüz altmyş bäş
Garaşýan ýok indi,bil däli öldi
Şyhberdiýewa Göwher