Nokat.
Bu gün diñe nokat sözlem jemlemän,
Durmuşymda bir sahypa soñlady.
Ýaz şemaly söýgim bilen hiñlenmän,
Kalbymdaky ümsümligi diñledi.
Kiçi gara tegmil ullakan bir güýç,
Ýapar ägirt meseleleñ gapagyn.
Bar berilen sözler nokada deñiç,
Çözlär öz aýtmaly söznüñ sapagyn.
Ýyldyrym tizligine geçip barýan wagt,
Eli bilen süpürer gözýaşlarmy.
Ýarañ saralmagy düşmeýär mugt,
Ýykyp gider guran bagt daşlarmy.
Meniñ ýanýan ýerim, köýen arzuwlar,
Unudaly ýatlamalañ barlygyn.
Meniñ ýanýan ýerim sözüñ soñunda,
Diñe ýeke nokat bolup galmagyñ.
L'autore: Uzuk Agamyradowna