enes_∞
05.10.2024 21:09

Deňziň reňkini näme kesgitleýär?
Deňizleriň we ummanlaryň reňki dürli-dürli bolýar. Olaryň käsi ýerleşýän ýerine we wagta baglylykda üýtgäp durýarlar.

Adatça, olaryň reňki gök bolýar. Emma deňizler mawy, açyk ýaşyl, syýa, gök, çal we hatda mele hem bolup bilýär. Onuň reňkiniň başga-başga bolmagynyň sebäbi nämedenkä? Munda fizikanyň we biologiýanyň täsiriniň bardygy mälimdir. Aslynda, arassa suw reňksiz bolýar. Emma deňiz çuň bolanlygynda şöhle deňziň düýbünden yza serpikmeýänligi sebäpli goýy gök reňk berýär.

Suw molekulalary uzyn tolkunda gelýän gyzyl, narynç sary, we ýaşyl şöhläni özüne has gowy çekýär. Gök reňkiň tolkun uzunlygy gysga bolansoň, ol suwuň has çuň ýerine siňýär. Bu bolsa deňziň mawy reňkde görünmegine sebäp bolýar. Gysga tolkunda şöhle has dagynyk bolup, başga taraplara ýaýrap bilýär. Emma suwuň dykyzlygy hemme ýerde birmeňzeş däl. Onuň düzümindäki gyrmançalar we beýleki kiçijik bölejikler şöhläniň pytramagyna sebäp bolýar.

Derýalardan deňze guýýan ýa-da ýeliň täsiri bilen emele gelen tolkunyň täsiri bilen deňziň aşagyndaky çäge ýokary galyp, kenardaky suwuň reňkini üýtgedýär. Şeýle hem suwuň içinde çüýrän ösümlikler ýaşyl, sary we goňur reňkleri ýüze çykaryp, reňki has hem üýtgedýär.

Türkmengazet
10
51
paris_off
6 Oktýabr 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.