,,Gelen çagyñ bahar, giden çagyñ gyş,
Ähli zat buz ýaly sowaýar, ynan!"
Sen sözlerñi gaýtalaýañ ynamly,
A men ol sözlere edemok ynam.
Geñ galyp, ýüzüñe bakýan düşünmän.
Diýjek bolýan ,,Seniñ bu sözleñ ýalñyş"
Sen ne-hä diñleýäñ, ne-de dymýañ,
,,Gelen çagyñ bahar, giden çagyñ gyş".
Pikir edýän, ,,Nädip, beýle tebigat,
birje adam üçin üýtgäp bilýärkä?!
Onsoñam, men "gyş", diýip, "gar" diýip heläk.
Ol nämüçin men gidemsoñ gelýär-kä?!"
L'autore: Aýgül GARAÝEWA