nabat_
05.10.2024 14:17
5-nji oktýabr Bütindünýä mugallymlar güni

Gowy mugallym şem ýalydyr. Başgalaryna ýagtylyk bermek üçin özüni paýlaýar.
1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 5-nji oktýabrynda dünýäde ýüzden gowrak ýurt Bütindünýä mugallymlar gününi giňden belleýär. Bu senäni bellemegiň maksady jemgyýetde mugallymlaryň uly orun eýeleýänligine üns çekmekden hem-de olaryň ähli derejelerde ýokary hilli bilim bermekdäki ornuny we ähmiýetini has-da äşgär etmekden ybarat bolup durýar. Bütindünýä mugallymlar güni öz gözbaşyny 1966-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Parižde geçirilen mugallymlaryň ýagdaýy boýunça ýörite hökümetara konferensiýadan alyp gaýdýar. Şol maslahatda ÝUNESKO-nyň we Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri tarapyndan mugallymlaryň ýagdaýy baradaky Teklibe gol çekildi.
Mugallymçylyk – kyn we asylly hünärdir. Bu kär döredijilikli we gyzykly hünärdir. Mugallymlaryň biziň durmuşymyzda aýratyn orunlary bardyr. Olaryň bize berýän bilimdir maslahatlary jemgyýetde dogry ýoly saýlap almakda kömek edýär.
Mugallymyň iň ýokary sungaty döredijilikli aňlatmagyň we bilim almagyň şatlygyny oýarmak ukybydyr.
Gowy mugallym bolmak üçin öwredýäniňi söýmeli we öwredýänleriňizi söýmeli. Bu gün mugallymlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirmek, hoşniýetli, adalatly we adamkärçilikli bolmagy ündeýän ilkinji halypalary ýatlamak üçin ajaýyp senedir!
Bütindünýä mugallymlar güni köp ýurtlarda dürli senelerde bellenilip geçilýär. Mysal üçin, Hindistanda 5-nji sentýabrda, Türkiýede 24-nji noýabrda, Hytaýda 10-njy sentýabrda, Malaýziýada 16-njy maýda, Braziliýada 15-nji oktýabrda bellenilýär.
Bu halkara gününde dünýäniň mugallymlaryny begendirmek üçin okuwçylar we ene-atalar tarapyndan gyzykly çäreleri guraýarlar. Şeýle-de, bu gün konsertler guralýar we mugallymlara ajaýyp gutlaglar aýdylyp sowgatlar berilýär.



BAÝRAMYÑYZ BILEN MÂHRIBAN MUGALLYMLARYMYZ🥰🥰
13
31
teacher
5 Oktýabr 2024
Sag boluñ!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.