2 bölüm soñy
Selbini alyp gaçaýsam diýen pikirimem ýok
däl.. - diýende,
Annagül onuň bu pikirini oňlap barmaýandygyny
dessine duýdurdy.
-Aý bilmedim..
- Ilde ýok däl-ä.
-Aý, onda-da, Selbi razy bolmaýmasa!- diýip,
Annagül öz pikirini daşyna çykardy.
- Razy bolmasa, bolmasyn! Ýöne sen oňa şol niýete münendigimi bir duýduryp ber. Ine, hepdäniň
altynjy güni synpdaşymyz Aman öýlenýär eken. Şo-
nuň toýuna geler-ä..
Selim şuny aýtdy-da, dymdy. Pirimini nähili ýag-
daýda, nädip amala aşyrjakdygy barada dil ýar-
mady. Ýogsam ol Annagüle iň gizlin saklanmaly syryny aýan edipdi.
-Onuň özi razy bolmasa, alyp gaçyp bilmersiň...
-diýip, Annagül Selimiň bu pikiriniň başa barmaja-
gyny çürt-kesik aýtdy.
-0 taýyny maňa goý, Ôzüm bir zat ederin.
-Ol iň soňky cykalga däldir-ä, başga ýol ýokmy?
-Aý.. ene-atasy eýýäm başga birleri bilen guda
bolanmyşlar, onsoň, meniň sawçy iberenimiň haýry degmez. Ene-atalar ylalaşmasalar, ýaşlara näme galýar? Gacmak galýar. Soňra ene-ata-da çagalayn bagty hem geliegi üçin öýkelerini unudyp, ylalaşýarlar. Bu durmuşda gabat gelyän ýagdaý.
O diýeniň dogry, iki tarap hem yrza bolsa... Ýöne Selbi beýle iş etmez...
Selim Selbisiz galyp barýan ýaly, «Sen bir oň ýaly
habar aýtma» diýýän sekilde ellerini kelemenletdi.
- Soňra:
-Bu barada başga bir ýerde diliňden sypdyraýma! Haýyş! – diýdi.
Annagül Selime ýok diýip bilmedi. Çünki olar
goňşy ýaşap, şeýle-de on ýyl bir synpda okap, bir
dogan ýalydylar. Şonuň üçin ol ýigidiň arzuw-niýetini gyza ýetirmäge howlukdy. Selbiniň otagynda ikiçäk galan batlaryna Annagül näme maksat bilen gelenini mälim etdi. Selimiň aýdanlaryny sözme-söz
oňa ýetirdi.
Selbi gaty giň bolmaly, ol Annagüli sesini çykarman diňledi, dessine bir söz diýibermedem. Onuň
bolşy näme diýjegini bilmeýäne çalym edýärdi. Ol, belki-de, haýsydyr bir syryny aýdybermekden saklanýandyr?! Selbi onuň jogabyna howlukmady. Ep-
esli wagtdan soň gyz dillendi:
- Men Amanyň toýuna barjak däl, sen şol gün
gelip git meniň ýanyma. Oňa çenli men hat ýazyp
goýaryn, şony Selime eltip berseň bolýar.
Annagül galyň hatly bukjany göz öňüne getirdi.
Bu habary eşiden Selimem öz ýanyndan: «Selbi onça günläp hat ýazjak bolsa, goşgy bilen söýgüsini
beýan etjekdir-ow diýip oýlandy.
Ýöne Selbiden alyp gaýdan hatly bukjasynyň ga-
raşylanyndan has ýukadygyna Annagül geň galdy.
Onuň gÖwnüne bolmasa, bukjanyň içi boş ýalydy.
Şonuň üçin onda Selbiniň Selime näme jogap be--
rendigini bilmek islegi döredi. Ýöne haty açyp okamagy-da gelşiksiz hasap etdi. Haty Selime gowşuranda gyzyň säginjiräp durmasy-da, bilesigelijiligi bilendi. Selimem haty eline alyp, hamana, ol özüne
degişli däl ýaly, bukjanyň eýlesine-beýlesine seretdi. Dessine açybermekden saklanyp, beýleräkde
- duran Annagüle seretdi. Ondan hiç bir many alyp
bilmänsoň, bukjanyň bir gyrasyny ýyrtyp, açmaga
durdy. Eliň aýasy ýalyjak kagyz patylap ýere düşdi. Ýigit ony ýerden galdyryp, okap başlady: «Alyp
gaçaryn diýip kelläňe-de getirme. Gyz razy bolmasa, sen ony ömürem alyp gaçyp bilmersiň. Ene-ataňy iberip, öňräjikden aladasyny etmelidiň. Indi giç,
enem-atam tanap-bilip ýören ýerimiziň sözüni aldy.
Seni her näçe gowy görenem bolsam, ýüregimden orun berenem bolsam, enem-atamyň islegine garsy bolup bilmeýärin. Ene-ata -mukaddes, bar zat-
dan, hatda söýgüdenem ileri. Men olary ynjytmak
islemeýärin. Saňa-da özümden müň paý gowy gelniň ýar bolmagyny arzuw edýärin.
Akmuhammet HEMIDOW, ýazyjy.