enes_∞
04.10.2024 21:28

Bank barada gyzykly faktlar
•Bank sözi aslynda italýanlaryň sözi bolup dünýäniň köp döwletinde şol bir manyny aňladýar.

•Dünýäniň iň gadymy banky hem Italiýada ýerleşýän Monte dei pashi di Siena bankydyr. Ol 1472-nji ýylda Italýanyň Siýena şäherinde döredilip häzirki wagtda hem işini dowam edýär.

•Häzirki wagtda Şweýsariýanyň 400 golaý iri bankynda 52 trln ABŞ dollary saklanýar.

•1902-nji ýylda W.I.Leniniň adyna 13 Şweýsar franky bilen açylan hasap Şweýsariýanyň bankynda häzir hem bar we ol ýylyň-ýylyna öz gymmatyny ýokarlandyrýar.

•Ginnesiň rekordlar kitabyna giren iň uly bank talaňçylygy 1945-nji ýylda Germaniýanyň Reýhs bankynda bolup geçdi. Şonda umumy gymmaty 5 mlrd ABŞ dollaryna deň bolan altynlar we beýleki gymmat bahaly daşlar ogurlandy.

•Ilkinji bank kartlary 1950-nji ýylda ABŞ-da ulanylyp başlanypdyr.

•Häzirki wagtda dünýäde hereket edýän bankomatlaryň sany 2 mln-dan gowrakdyr. Ilkinji bankomat bolsa Beýik Britaniýada 1967-nji ýylda döredilipdir.

•Orta asyrlarda Ýewropa döwletlerinde göterimli karz bermegi dinde günä hasap edipdirler. Ýewreýlerde bolsa bu ynanja ynanmandyrlar. Şonuň üçin hem şol döwürlerde ilkinji bankyň eýeleri ýa-da bankirler ýewreýler bolupdyr.

•Sanly ulgamyň çalt ösmegi bank ulgamyna-da öz täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda dünýäde hereket edýän banklaryň arasynda “Neobanklar” hem döredi. Neobank – bu fiziki manyda hiç ýerde göze görünmeýän bank bolup ol müşderilere diňe internet arkaly bank hyzmatlaryny amala aşyrýar.

•Dünýäde banklaryň häzirki wagtdaky gorag ulgamy has güýçli bolup iň uly bank gapysynyň agramy 42 tonna diýlip hasaba alnandyr.

•Dünýäde adamlaryň bank hasaplarynda goýan pullarynyň diňe 2-3 % ulanylmaýar.
12
93
ideallider
4 Oktýabr 2024
Tas banka maýa goýum goýupdum, 30 ýyldandagy alarynda diýip. Oňa ýetip pulumy almaga barsam, maňa orta barmak görkezjeklerini soň bilip galdym😄🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.