Hekaýa 1
Iki ýyl gulluk Selim üçin iki gün ýaly bolup geçip gitdi. Gullukdan gelendigini hemmeden öň Selbä buşlady. Selbi bu habara
«agyr-ýeňil bolup durmady. Tersine,
şu gün bir iş bilen saglyk öýüne barjakdygyny aýtdy.
Selim bilen Selbi barypha, orta mekdepde okap ýören döwürleri ilden ogrynça biri-birine seredişip başlapdylar. Mekdebi tamamlanlarynda bolsa, olaryň halaşýandygyny diňe bir synpdalary ýa mek-
depdeşleri däl, asyl
obanyň ýedi ýaşardan ýetmiş yaşlysyna çenli bil-
ýärdi. Ýöne olar bada-bat goş birikdiribermäge
howlukmadylar.
Elbetde, oglan ýokary
okuwa girmäge-
höwesli bolsa,,
gyz onha garşy bolup bi-
lermi?! Emma Selime sol ýyl
talyp bolmak bagty miýesser
etmedi. «indiki ýyla çenli synaglara gowy taýýarlanyp,ýokary okuwa
girmesem,meniñem Selim bolmadygym» diýip, ol şonda öz-özüne söz berdi. Şäherde galyp, dükanlaryň birinde işe durdy. Selbi bilenem
aram-aram habarlaşýardy. Her hatynda diýen
ýaly hem: «Ýa men ejemi ibereýinmi siziňkileriň
ýanyna?» diýip soramagy-da unutmaýardy. Selbi
bu sowalyň diňe öz göwnüni awlamak üçin aýdylýandygyna, oglanyň öýlenmek däl-de, okuw
okamak höwesi bilen gaýnap-daşýandygyna belet bolansoň, Selimiň isleýsi ýaly jogap yazýardy:
«Sen entek okuw okamaly. Toý etmäge haçanam
bolsa ýetişeris.
Ine, şol «görübereris» bilen olar ýene bir ýyly arka atdylar. Ýöne Selim birdenkä pikirini üýtgetdi.ol ýokary mekdebiň synaglarynyň başlanaryna garaşyp durmady-da, ilki bilen, Watan öňündäki borjuny
- berjaý etmegi ýüregine düwüp, gulluga gitdi.
Göwnüniň telwasyna üç ýyla golaý zar bolup gezen Selim, ine, bu gün kalbynda yşk oduny daşdyra-daşdyra, arzuw-hyýallara beslene-beslene, aýagy ýere degmän, uça-uça saglyk öýüne gelende,
Selbiden eşiden sözüne nähili bolandyr öýdýäňiz?!
Salam-da ýok, hal-ýagdaý soraşma-da ýok, «gözüň
aýdyñ» ýok Selbi
-Näçe ýyl bäri biri-birimiziň didarymyza zar dünýämizde ysk ody ýanýan hem bolsa, sen ene-atamy razy
etmek üçin bir
ädim hem ätmediň. «lbereýin- diýip soran bolmadan başga... Emma siziňkiler
gelmese-de, gelen köp boldy. Ine, şolaryň biri bilen
hem guda bolundy. Indi meniň toýumyň
sähedi bellendi.
Sonuň üçin indi maňa garaşma, hatam
ýazma, ideme - diýip, Selbi çalt-çalt
aýtdy-da, saglyk öýünden çykyp gitdi.
Selim galyberdi serim-sal bolup. Ol birbada nirede duranyny-da unudyp, doňňaradaşa öwrüldi- . Soňra aýaklar beýniniň buýrugy bilen dä-de, oz
jöremek endigi bilen ýöräp başlady. Ýolda-yzda, içerde-daşarda tanyşlaryň-bilişleriň, dogan garyndaşlaryň: «Gözüň aýdyň! diýmeleri- bolsa
gulagy eşidýänem bolsa, ol söz beýnä baryp ýetmeýärdi. Şonuň üçin olaryň gutlag sözleri-de
jogapsyz galýardy.
Selim üçin kelebiň ujy ýitipdi. Ony tapyp bilmeýändigi üçin gowy gatnaşykda bolan synpdaşy, goñşysy, köpden
bäri bularyň söýgüsiniň şaýady bolup ýòren Annagüle ýüregindäkini aýtdy. Ýaýdanyrak: alyp
gaçaýsam diýen pikirimem ýok däl diýende.
Annagil onuň bu pikirini oñlap barmaýandygyny aýtdy
dowamy bar