smiling_
04.10.2024 17:19
♥︎Ýürekdeş♥︎

Ýykylsañ, büdreseñ, ýoluñ ýitirseñ,
Duçar bolsañ minnete ýa salgyma.
Gursagyñ çişirip dünýä sygmasañ,
Sygarsyñ sen ýürekdeşiñ kalbyna...♡

Gelibergin, parasy ýok, muzdy ýok,
Müñ dert bilen dolmaz onuñ otagy.
Wagtdan daşardadyr onuñ pursady,
Hoş sözüñdir iñ bir gymmat petegi.

Ol ýer giñiş welin köplük gerek däl,
Dereksiz saýsalar galanyñda gel.
Abraýyñ, ýüregiñ, isle mal-dünýäñ,
Özüñe ýetmedik talañynda gel...♡

Eger çäkleseler ýörejek ýoluñ,
Torç ediber dost kalbynyñ ýaýlasyn.
Özlügiñ ýitirseñ taparsyñ hökman,
Gel-de seret ýürekdäki aýnasyn.

Derdini dostuna ynanýar ynsan,
Ol çykmasa ýürek gowşap zeñleýär.
Gel, aýt dostum, derdiñi men diñläýin,
Şatlygyñy özgelerem diñleýär...♡


©Ahmet ARAZOW
12
355
smiling_
5 Oktýabr 2024
@nabat_, Salam 🤗
smiling_
5 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, çykypdyr🫢
nabat_
4 Oktýabr 2024
👋👋salam gic yagsy gowmysynyz😊
smiling_
4 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, gitdim men Arzuwam allan ýaly boldum hoş 🙋🏿‍♀️
smiling_
4 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, hiç kim. Öz islegim ,,Takıntı"
smiling_
4 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, Elbetde. Atabaý bolup Enebaýyñ ýagdaýyny bilmersiñmi gyy 🤭😁
smiling_
4 Oktýabr 2024
@bilesigelijilai, degişip diýdimle postam goýasym gelenok
smiling_
4 Oktýabr 2024
@Adyl_G, Gaç gaç hoş 😁
Adyl_G
4 Oktýabr 2024
@smiling_, sagbol onda yegenjan 😂
smiling_
4 Oktýabr 2024
@Adyl_G, Daýy sagat näçe 🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.