Dünýäniň iň beýik minaralarynyň haýsysyny gördüňiz?!
Şanhaý minarasy. Bu beýik we täsin minara Hytaýyň Şanhaý şäherindäki Pudun etrabynda ýerleşýär. Şanhaý minarasyny beýikligi 632 metre ýetýär. Bu minaranyň 9 sany biri-birine jebis berkleşen slindr şekilli ymaratlary bar. Onuň daşky şekili 120˚ towlanan ýagdaýynda we slindr şekilli ymaratlary şemalyň güýjüni 24% çenli peseldip bilýär. Minaranyň 14 % bölegi aýnadan ýasalan. Ol özüniň owadanlygy we beýikligi bilen tanalýar.
Abraž Al-Beýt minarasy. Saud Arabystanyndaky Mekkede ýerleşýär. Minaranyň beýikligi 601 metr, meýdany 1500000 m2. Agramy boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Depesindäki ýarym aýyň diametri 23 metr, agramy 107 tonna we ol Ýerdäki ähli barlyklaryň içinde iň ulusy hasaplanýar. Bu minaranyň öň tarapynda ýerleşen her bir bölek minaralarynyň beýikligi ýerden 400 metr belentlikde ýerleşýär. Bu binalar toplumy Al-Haram metjidiniň garşysynda ýerleşýär, howlusy Käbe tarapa seredip dur. Abraž Al-Beýt minarasynyň myhmanhanasy 100 müň zyýaratçyny ähli zat bilen üpjün etmäge niýetlenendir.
Burž-Halif. Dünýä boýunça iň beýik minara. Onuň beýikligi 828 metre ýetýär. Bu minara 163 gatdan ybarat. Her gün gijesine Burž-Halif minarasy janlanýar we her hili öwüşginli şöhle saçýar. Özüniň täsinligi, owadanlygy we beýikligi bilen tanalan bu beýik minara Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Turkmengazet