Gadymy Naska geoglifleriniň syrly dünýäsi
Alymlar Perudaky gadymy geoglifleri arheologiki barlaglaryň, ýagny emeli aň tehnologiýasy arkaly ýüze çykardylar. Bu ýeriň üstüne çekilen şekiller b.e.öňki 500-nji ýyllara degişli hasaplanylýar. Toplanan maglumatlara görä, 303 görnüşli geoglif tapylypdyr. Bu geoglifler köplenç maýmyn we guş şekillerini görkezýär. Geoglifler, uly ölçegli ýer ýüzüne çekilen çyzgylar ýa-da nagyşlardyr. Adatça, olaryň uzynlygy 4 metrden geçýär, we şeýle uludygy üçin olary diňe ýokardan görmek mümkin. Naska platosyndaky çyzyklar we şekiller geoglifleriň iň meşhur mysallarydyr. Arheologlar bu geoglifleriň b.e. II asyrynda bu sebitiň ýaşaýjylary bolan Naska siwilizasiýasy tarapyndan döredilendigine ynanýarlar. Suratlar dürli usullar bilen döredilipdir, mysal üçin, nagşyň perimetri boýunça topragyň ýokarky gatlagyny aýyrmak ýa-da nagşyň çyzyklarynyň geçýän ýerine çagyl daş sepmek arkaly.
Emeli aň tehnologiýasy, AI kompýuter görüş ulgamy arkaly, öň belli bolan geoglif şekilleri boýunça tälim aldy we Naska platosyndan uçardan alnan ýokary durulykdaky suratlary seljerdi (piksel takmynan 10 santimetr bolup). Bu barlaglar netijesinde, 1,3 müň töweregi täze geoglif ýüze çykaryldy we olar meýdan şertlerinde üns bilen öwrenildi. Bu geoglifleriň içinden 303 sanysy ozal näbelli bolan şekiller hökmünde tassyklandy. Olar köplenç Naska halkynyň durmuşyna we dini däp-dessurlaryna degişli adam, haýwan şekillerini we sahnalary görkezýär.
Naska platosyndaky geoglifler ýerli howa şertleri sebäpli müňlerçe ýyl bäri saklanyp galypdyr. Ölçegleriniň uly bolmagy (käbirleriniň uzynlygy birnäçe ýüz metre ýetýär) sebäpli, bu çyzgylar resmi taýdan diňe XX asyryň birinji ýarymynda tapylypdyr, platonyň üstünden uçarlaryň geçmegi bilen. 1994-nji ýylda Naska suratlary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Wepa Astanow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby