smiling_
02.10.2024 09:42
Men gijäni ýöne gowy göremok,
Men gije düşse, bolýan bagtyýar.
Ýyldyzlaryñ örläp ugran pursaty,
Ümezlän gözlerimiñ gülkili sesi,
Sudur bolan bedenim biygtyýar,
Tolgunyp galpyldyly duýgy döredip,
Ajap gözelligiñ yşgyna düşüp,
Gözlerimi ýumup surat çekýärin,
Gözüm açyp saña gaýta bakýaryn.
Sen şeýle üýtgeşik,
Gündiz betgelşik,
Gije düşse,
Tüýnükde aý görünse,
Gowuñ eräp gidýär, Aýyñ nurana.
Nurana,
Sen juda owadan!
Jennet melegi!
Men ertekide,
Jadyly dünýämiñ ertekisinde...

...Sen juda owadan, şeýle bir gözel,
Sen gijegözelim, gijeki bagtym!
Aý nuruna suwa düşýän, guwum sen,
Sen hüýr-melek ahyryn,
Ukuda wagtyñ!...


- Remezan Mämetgurbanow
12
35
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.