smiling_
01.10.2024 20:24
Çaga bolsañ, ulalmasañ!

Düşünmeseñ uly dünýä,
Çaga bolsañ, ulalmasañ.
Ötüp gitse deñi-duşuñ,
Ýalñyzlygyña uýalmasañ.

Saña meñzeş çagalardan,
Dolup duran köçäñ bolsa.
Häzirkiden sagdyn hem ýaş,
Ejeñ bolsa.

Kaka altyn aşygmyzyñ,
Bolmajagy güman bolsa.
On iki synañ, gara başyñ,
Aman bolsa.

Ýalñyşañda käýeseler,
Towlasalar gulagymy.
Ah, meniñ bu ýalñyşlarym,
Gyzardyp dur dulugymy.

Düşünmeseñ uly dünýä,
Çaga bolsañ, ulalmasañ.
Ötüp gitse deñi-duşuñ,
Ýalñyzlygyña uýalmasañ.


L'autore: Ogulnur Ataýewa
16
39
smiling_
2 Oktýabr 2024
@crazygirll_, Unaş iýmediñä gyz :)
crazygirll_
1 Oktýabr 2024
🥹🥺😢😥Chaga bolsaň,ulalmasan! Chagalyma sahelche bir dolansam gaygy gam gussany sahelchelik unutsam Chaga bolsan,ulanmasan:)👼👶
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.