smiling_
01.10.2024 16:14
Men gitdim...

Men gitdim,
Seçme deşen Asmana,
Göreçlerim garap galdy yzymdan.
Düzümden,
Dünýämden aýrylyp bilmän,
Dilmän,
Damagymy çalan özümden.
Obamyzyñ tozan basan baglaryn...
Gözelligin synlan her gijäñ demin...
Öýkenimde saklan ebedi howam.
Özümden garaşyp çykmadyk tamam,
Gülkili sesleriñ agysyn eşdip,
Ýüregimde dörän kijijek deşik.
Gara tegmillerim,
Garagirdaba,
Siñip giden unudulmajak sözlerim,
Ählisini göreçlerime siñdirip.
Dünýäniñ ýüzünden özümi aýryp,
Göreçlerimi goýup gaýtdym yzymda,
Sudur boldy gözlegimem gözümde.
Doñup galan, begençlerimi seçeläp.
Agylarymy alyp gaýtdym özümden,
Men gitdim dünýäni synlamak üçin,
Göreçlerim...


- Remezan Mämetgurbanow
16
148
smiling_
1 Oktýabr 2024
@Tayler, 🤦🏿‍♀️🙄😒👍
Tayler
1 Oktýabr 2024
@smiling_, 👍
smiling_
1 Oktýabr 2024
@Tayler, Oki diýdiñ 🙄
smiling_
1 Oktýabr 2024
@Tayler, Ýok
Tayler
1 Oktýabr 2024
@smiling_, oki, düşünişdik
smiling_
1 Oktýabr 2024
@Tayler, girjek däl 🙄
Tayler
1 Oktýabr 2024
@smiling_, özüň bildâ
smiling_
1 Oktýabr 2024
@Tayler, ýene bir akkaunt bar welin noldan galmaly bolýanda
Tayler
1 Oktýabr 2024
@smiling_, girersiň, girersiň
smiling_
1 Oktýabr 2024
@Tayler, aý näbileýin girip bilermikäm
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.