Fatima
12.05.2020 17:27
Salam Maña 25 maýa aýdym gerekdi 'Mekdep ýyllarym' diyen aýdym gerekdi hayys kimde bar bolsa aydayyn zerurdyda??
Tapana baýrak bar please?

Ine su sozler bar içinde?

Ätledim bosagaňdan heniz ýedi ýaşymda,
Ençelerini ulaldypsyň bilmen niçe ýaşyňda,
Jana jan mekdebim men saňa bergidar
Mugallymlarmyň başyny belent etsin Biribar!

Saňa gelip öwrendim ak bilen garany,
Saňa gelip öwrendim ýagşy bilen ýamany,
Eziz klasdaşlarymy şu ýerde tapdym,
Dost bilen duşmany saňa gelip tanadym.

Sende geçdi ömrümiň iň hezil wagty,
Klasdaşlarym size dileýän bagty,
Siz bilen bileje 11 ýyllap gülüşdük,
Kine etmän käwagt göwünlere degişdik!

Bilmedim nädip geçdi mylaýym günler,
Birek birege “söýýän” diýip berilen güller,
Olary hiç ýatdan çykarman dursak,
Şol ýyllara dolanardyk ýekeje pursat!

Daşlaşýan senden kem kem sende geçdi ýaşlygym,
Köp zat öwretdi maňa ikiligim bäşligim,
Ýatdan hiç çykarmaryn sizi klasdaşlarym,
Maňa köp zat öwreden eziz mugallymlarmyz!

Jaň kakylsa daşaryk ylgap çykardyk,
Käte böküp oýnap birini ýykardyk,
Käte ýykylardyk aýterek oýnap,
Gezerdik gaýgy unudyp ýaýnap!

Ýazyşardyk käwagt pynhan söýgi hatlaryny,
Doska ýazan bolýardyk söýüşýänleň atlaryny.
Şol ýyllarda döredi ýüreklerde söýgi,
Onsoň neneň unutjak şu eziz günleri?!

Elmydama sapaklar gyzykly bolýardy,
Kätwagt dymylýardy käte goh galýardy,
Ine şeýdip klasyň artyp gidýärdi şowhuny,
Gülüşüp degişip açýardyk göwnümizi.

Mugallymlarymyz sag bolsun! Olarda hiç günä ýok!
Siz hemişe bize öwretdiňiz dogry ýol!
Bizi adam etjek bolup zähmet çekdiňiz a:rman,
Öteräk giden bolsak onda bizi bagyşlaň!

Daşlaşýan senden kem kem sende geçdi ýaşlygym,
Köp zat öwretdi maňa ikiligim bäşligim,
Ýatdan hiç çykarmaryn sizi klasdaşlarym,
Maňa köp zat öwreden eziz mugallymlarmyz!

Wagt hiç duranok geçip barýar ýaşlyk,
Klasdaşlar bileje ederdik şatlyk,
Indi olaryň ählisi suratlarda galdy,
Ajap ýatlamalar bolup ýüreklerde galdy.

Men size nämäni arzuw etsemkäm?!
Bu dünýäde näme barka üýtgeşik,
Aglamaň aglasaňyz şatlykdan aglaň!
Bagtly boluň bagtlylardan üýtgeşik!

Daşlaşýan senden kem kem sende geçdi ýaşlygym,
Köp zat öwretdi maňa ikiligim bäşligim,
Ýatdan hiç çykarmaryn sizi klasdaşlarym,
Maňa köp zat öwreden eziz mugallymlarmyz!
3
219
Fatima
12 May 2020
Bolýa garasma jana? poka timon?ýatjakmy irden??
timon_app
12 May 2020
Men cykdym poka. Surat tayn bolsa goyay. Yada jan eday. Poka
Fatima
12 May 2020
Su yerde aýdaý...Yok uytgasi yok bagysla?
timon_app
12 May 2020
Ay bir gurrun bardy. Bor edip bilmesen. Yone bellap goyay belki pikirin uytgar
Fatima
12 May 2020
Bagyslarsynyz edip bilemokda...Timon hazir 10 minden suratyn bitýa garas indi ýanam garasman çykyp gitdin
timon_app
12 May 2020
Solwagt aydaryn
Fatima
12 May 2020
Eýgilikmi Timos???
timon_app
12 May 2020
Girmeyan bolsan. Jan etmegi yadyndan cykarma. 63230897 men bu nomerden imo girmeyan! Ok
Fatima
12 May 2020
Gowy dälä su yer gowy
timon_app
12 May 2020
Wah giraymella.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.