gunesh_
30.09.2024 13:42
Monjuk, süňk, daş ýaly kiçijik bölekleriň ýüpe düzülmegi adamzat taryhyça könedir. Ilki adamlar awlan awlarynyň böleklerini ýüpe meňzeş zatlara düzüpdirler. Soňky awlarynda olara üstünlik getirýär diýip yrym edipdirler we boýunlaryndan asypdyrlar. Soňra bular ýaly zatlar erbetliklerden we duşmanlardan gorar ýaly söweşlerde-de dakylyp başlanýar. Häzirki günde-de käbir daşlaryň şowlulyk getirýänine ynanýanlar bar.

Monjuklaryň dini maksat we dogalary sanamakda ulanylmagy ilki bilen Hindistanda, hindu ynanjynda duşýar. Soňra tesbi Hindistandan Gündogara, ondan soňra Ýewropa ýaýraýar. Tesbiň ulanylyş maksady musulmanlarda, hristianlarda (katolik), hinduizm we buddizmde-de bir bolup dogalary we dogalar arasyndaky bölümleri sanamakda ulanylypdyr.

Tesbiniň Yslam dünýäsinde haçandan bäri ulanylýandygy belli däldir. Muhammet (s.a.w) pygamberiň tesbi ulanandygy bilen baglanyşykly takyk maglumat ýok. Belki Osman Gazy, Fatyh Soltan Mehmet hem tesbi ulanan däldirler. Arhiwlerde tesbi bilen baglanyşykly maglumatlar XVI asyryň ahyrlarynda duşýar. Muňa garamazdan Muhammet (s.a.w) pygamberiň döwründe Namaz we doga wagtynda hurmaň şänigi we çagyl daşlarynyň ulanylandygyny käbir hadyslardan görmek bolýar.

Beýik Ýaradyja 99 aýry at beren Yslamy düşünje, ony ýatlaýan wagty, her at üçin bir yşarat aňlatmak bilen ýüpe düzen bu 99 bölekli zadyna "tesbi" diýip at beripdir. Dürli zatlardan ýasalýan bu tesbi bölekleri 33, 99, 500 ýa-da 1000 sany bolup biler.

500 we 1000-lik tesbiler, esasan, tekkelerde we dergahlarda (türkmençe terjime edip bilmedim şu ikisini) zikir üçin ulanypdyrlar. Tekke şeýhleri, hassalary ýa-da bir myrady bolanlary sagalmaklary we myradyna ýetmegi üçin bu tesbileň içinden geçiripdirler.

Tesbi sanamak, tesbi böleklerini bir-birden yşarat barmagy we başam barmagyň arasyndan geçirmekdir. Emma häzirki wagtda tesbini dürli görnüşde dürli maksatlar bilen ulanýanlaram bar.

Häzirki zaman ylmynyň tesbi sanamak endigine garaýşy başgaça. Alymlar beýnimiziň ýaşaýşyň kynçylyklary, meseleleri, aladalary we gorkular bilen hemişe sussupes bolýandygyny, şonuň netijesinde-de nerw öýüjiklerimiziň has ýadaýandygyny we ony rahatlatmak, öz erkine goýmak, ünsümizi başga tarapa gönükdirmek üçin tesbi sanamagyň has täsirli we peýdalydygyny aýdýarlar.
14
105
ideallider
2 Oktýabr 2024
@zumerret_, Salam. Uzagyndan bolsun.
ideallider
2 Oktýabr 2024
@Syke_Dali, proga zyýan etmezlerýaly.
crazygirll_
30 Sentýabr 2024
🙄🙄🙄🙄🙄
zumerret_
30 Sentýabr 2024
@ideallider, Salam , birinji gezek you tubdan zat goryan sayaňyzda 😄
zumerret_
30 Sentýabr 2024
Tesbih *
ideallider
30 Sentýabr 2024
gunesh_, sorry 🙂👍 sunlady
ideallider
30 Sentýabr 2024
Yutubdan gerekli wideolaryňyzy npvsiz aljak bolsaňyz şuwagt işleýär https://youtube.privacyplz.org
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.